Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 1:11 - Mukaddes Kitap

11 Şonda Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi şalygyna girmek hukugy size boldan-bol eçiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Шонда Реббимиз ве Халасгәримиз Иса Месихиң эбеди шалыгына гирмек хукугы сизе болдан-бол эчилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 1:11
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gahardan saklan, gazaby taşla, aladaçyl bolma: ol şere elter.


Eý, ezizim, gelinligim, men bagyma gelýärin; mürüm bilen atyrymy ýygnaýan, bal öýjügimi, balymy iýýän, şerabymy, süýdümi içýän. Iýiň, eý, söýgüli ýarlar! Eý, yşkyň ýesirleri, iýip-içiň, yşkdan mes boluň!


Gül-pürçük bolar ol, şatlykdan, guwançdan ýaňa nagma aýdar. Liwanyň gözelligi, Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa. Olar Rebbiň şöhratyny, Hudaýymyzyň şan-şöhratyny görerler.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Ähli halklar, milletler we uruglar oňa gulluk etsinler diýip, oňa hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlykdyr. Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalykdyr».


Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler».


Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň.


Ogry diňe ogurlamak, öldürmek, ýok etmek üçin gelýändir. Emma Men olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim.


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Isa Mesih ähli agalyklary, ygtyýarlyklary we güýçleri ýok edip, Şalygy Ata Hudaýa tabşyranda bolsa dünýäniň soňy bolar.


Biziň şindi ýaşaýan pany çadyrymyz, ýagny bedenimiz her haçan weýran bolsa-da, gökde el bilen ýasalmadyk, Hudaýyň taýynlan baky mesgenimiziň bardygyny bilýäris.


Bizde işleýän gudratyna görä, Hudaý her bir haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan hem has ýokary zatlary etmegi başarýandyr.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


Ol meni her dürli ýamanlyklardan halas edip, meni gökdäki Şalygyna sag-aman ýetirer. Rebbe baky we ebedi şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Dogrulyk Kazysy bolan Reb Isa Öz geljek gününde maňa dogrulyk täjini baýrak berer. Ol bu baýragy diňe maňa däl, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlaryň her birine berer.


Hudaý hem wadasyny kabul edýänlere Öz maksadynyň üýtgewsizdigini subut etmek isledi. Şonuň üçin Ol muny kasam bilen tassyklady.


Isa Mesihiň guly we resuly men Simun Petrusdan Hudaýymyz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziň imanymyz ýaly gymmatly imana eýe bolanlara dogaýy salam!


Şoňa görä-de, imanyňyzda has hem berkemäge jan ediň. Şeýdip, imanyňyzda ahlak päkligini, ahlak päkliginde bilimi, bilimde özerkliligi, özerklilikde çydamlylygy, çydamlylykda hudaýhonlygy, hudaýhonlykda mähribanlygy, mähribanlykda Hudaýyň söýgüsini artdyrmaga dyrjaşyň.


Adamlar Rebbimiz hem Halasgärimiz Isa Mesihi tanamak arkaly dünýäniň pisliklerinden gaçyp gutuldylar. Eger olar mundan soňam ýene şunuň ýaly işlere baş goşup, günäniň guly bolsalar, onda olaryň soňky ýagdaýy öňki ýagdaýyndan-da beter bolar.


Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.


Sen olardan şalyk ýaratdyň, Hudaýymyza hyzmat etmek üçin olary ruhany bellediň, olar ýer ýüzünde şalyk sürerler!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ