Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 9:7 - Mukaddes Kitap

7 Sen jenabyň Ahabyň maşgalasyny gyrarsyň. Meniň gullarym bolan pygamberleriň we hemme gullarymyň gany üçin Izebelden öç alaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Сен җенабың Ахабың машгаласыны гырарсың. Мениң гулларым болан пыгамберлериң ве хемме гулларымың ганы үчин Изебелден өч аларын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 9:7
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nabodyň daşlanyp öldürilendigi baradaky habary eşiden badyna, Izebel Ahabyň ýanyna baryp: «Git-de, ýizregelli Nabodyň saňa kümşe satmakdan boýun gaçyran üzümçiligini eýele, çünki Nabot öldürildi» diýdi.


Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men seniň başyňdan bela inderip, seniň ýoguňa ýanaryn! Ysraýylda isle gul bolsun, isle-de azat, parhy ýok, Ahabyň erkek nesilleriniň baryny gyraryn.


(Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmekde Ahapdan ozduran adam bolmandy. Ol bu pis işleri aýaly Izebeliň itergisi bilen etdi.


Onda şuny bilip goýuň. Rebbiň Ahabyň ogullarydyr ogul agtyklaryna garşy aýdan sözleriniň hiç biri hem ýerde galmaz, çünki Reb Öz guly Ylýas arkaly diýen sözlerini berjaý etdi».


Şeýdip, Ýehu Ahabyň Ýizregelde ýaşaýan garyndaşlarynyň baryny, onuň ähli baştutanlaryny, ýakyn dostlaryny, ruhanylaryny gyryp, ýekeje adamy hem diri galdyrmady.


Emma Ahazýanyň Ýoramyň ýanyna gelip heläk bolmagy Hudaý tarapyndandy. Ahazýa bu ýere gelip, Ýoram bilen bile Nimşiniň ogly Ýehuwyň ýanyna gitdi. Reb Ahabyň nesillerini ýok etmek üçin Ýehuwy saýlapdy.


size gaýta-gaýta ýollan gullarym pygamberleriň sözlerini öňki ýaly ýene-de diňlemeseňiz,


Şeýlelikde, ýer ýüzünde bigünä dökülen her bir dogry adamyň ganyna siz jogapkärsiňiz. Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda siziň öldüren Berekýanyň ogly Zekarýanyň ganyna çenli siz jogapkärsiňiz.


Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär.


Sebäbi häkimiýet ýolbaşçysy seniň ýagşylygyň üçin Hudaýyň hyzmatkäridir. Ýaman iş edýän bolsaň, häkimiýet ýolbaşçysyndan gork, sebäbi ol gylyjy ýöne ýere göterýän däldir. Ol Hudaýyň hyzmatkäridir, ýaman iş edeni jezalandyryp, Hudaýyň gazabyny onuň üstünden inderýändir.


Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.


Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, olary günäsinden saplar».


Şeýle hem biz bu sözleri aýdan Hudaýy tanaýarys: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin», şeýle hem: «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar».


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen özüni pygamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine geçirimlilik edýärsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorlyk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlyklardan iýdirjek bolýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ