Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 9:6 - Mukaddes Kitap

6 Şeýdip, Ýehu turup, ýaş pygamber bilen bile içeri girdi. Ýaş pygamber hem onuň depesinden ýag guýup, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men seni Öz halkym bolan Ysraýyla patyşalyga belleýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Шейдип, Еху туруп, яш пыгамбер билен биле ичери гирди. Яш пыгамбер хем онуң депесинден яг гуюп, шейле дийди: «Ысрайыл Худайы Реб шейле диййәр: „Мен сени Өз халкым болан Ысрайыла патышалыга беллейәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 9:6
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sadok ruhany bilen Natan pygamber şol ýerde onuň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga bellesinler; onsoň surnaý çalyň-da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“ diýip gygyryň.


Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».


Git-de, Ýarobgama Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diý: „Men seni halkyň arasyndan saýlap, halkym Ysraýylyň üstünden patyşalyga belledim.


«Sen hiç kimdiň, emma Men seni halkym ysraýyla patyşa etdim. Sen Ýarobgamyň ýolundan ýöräp, halkym ysraýyla günä etdirip, olaryň günäleri bilen meniň gaharymy getirdiň.


Şeýle hem Nimşiniň ogly Ýehuwyň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga saýla; Abelmeholadan bolan Şapatyň ogly Elýaşanyň başyna ýag guýup, ony öz ornuňa pygamberlige saýla.


Guluň Seniň saýlan, san-sajaksyz halkyňyň arasyndadyr.


Onsoň ýagly golçany al-da, ony Ýehuwyň depesinden guýup, Reb şeýle diýýär diý: „Men seni Ysraýyla patyşa edip belleýärin“. Onsoň sen ol ýerde hiç hili eglenme-de, tiz gaç».


Ýaş pygamber Ramotgilgada gelende, bu ýerde goşun serkerdeleri geňeş edip oturan ekenler. Ýaňky ýaş pygamber olaryň birine: «Eý, serkerde, men saňa bir habar getirdim» diýdi. Ýehu: «Haýsymyz üçin?» diýip sorady. Ýaş pygamber hem: «Seniň üçin, serkerde» diýip jogap berdi.


Emma Ahazýanyň Ýoramyň ýanyna gelip heläk bolmagy Hudaý tarapyndandy. Ahazýa bu ýere gelip, Ýoram bilen bile Nimşiniň ogly Ýehuwyň ýanyna gitdi. Reb Ahabyň nesillerini ýok etmek üçin Ýehuwy saýlapdy.


«Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan».


Arslan ýürekliler oljasyny aldyrdylar, olar baky uka gitdiler. Iň güýçlüleriň hiç biriniň-de elini galdyrmaga gurby çatmady.


Reb seçip-saýlanyna, sag elinden tutanyna, Kureşe şeýle diýýär: «Öňüňde milletleri baş egdirerin, patyşalary güýjünden mahrum ederin, gapylary açaryn öňüňde, derwezeler ýapylmaz.


Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.


Seniň gören bu agajyň, ýagny belent we güýçli, boýy asmana ýetip duran, dünýäniň çar künjünden hem görnüp duran,


Dünýäniň ähli ilaty hiç zat saýylar. Gögüň goşunyna hem, ýer ýüzüniň ilatyna hem Öz islän zadyny eder. Onuň elini saklap, «Seniň edýäniň näme?» diýjek hiç kim ýokdur.


Soňra Şamuwel ýagly küýzäni alyp, ýagy Şawulyň kellesinden guýdy-da, ony ogşap, şeýle diýdi: «Öz saýlan halkyna hökümdar bolmagyň üçin, Reb seni belledi.


Gedaý goýýanam, baýadýanam Rebdir, peseldýänem, beýgeldýänem Rebdir.


Reb garyby aýak astyndan göterýär, mätäji serdarlaryň hataryna goşýar, zibilhanadan çykaryp, Reb ony hezzet tagtynda oturdýar, çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir, dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ