2 Patyşalar 9:32 - Mukaddes Kitap32 Ýehu başyny galdyryp, penjirä tarap seredip: «Kim meniň tarapymda? Kim bar?» diýip gygyrdy. Onsoň iki-üç sany köşk agtasy ýokardan Ýehuwa seretdi. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап32 Еху башыны галдырып, пенҗирә тарап середип: «Ким мениң тарапымда? Ким бар?» дийип гыгырды. Онсоң ики-үч саны көшк агтасы ёкардан Ехува серетди. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Soňra Hudaýyň Ruhy otuz ýigidiň baştutany Omasaýyň üstüne inip, ol şeýle diýdi: «Biz seniňki, eý Dawut! Biz seň bilen, eý Ýyşaýyň ogly! Başyň aman bolsun, başyň aman bolsun! Saňa ýardam edýäniň hem başy aman bolsun! Hudaýyň saňa ýardam edýändyr!». Onsoň Dawut olary kabul edip, öz goşunbaşylary edip belledi.
Meýlisiň ýedinji güni şerapdan serhoş bolan Kserks patyşa şa aýaly Waştynyň başyna şalyk täjini geýdirip, ony öz huzuryna getirmeklerini köşkde hyzmat edýän ýedi agtasyna: Mehumana, Bizta, Harbona, Bigta, Abagta, Zetara we Karkasa buýurdy. Ol bütin halka we beglere onuň gözelligini görkezmek isledi, çünki ol görmegeý aýaldy.