Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 9:3 - Mukaddes Kitap

3 Onsoň ýagly golçany al-da, ony Ýehuwyň depesinden guýup, Reb şeýle diýýär diý: „Men seni Ysraýyla patyşa edip belleýärin“. Onsoň sen ol ýerde hiç hili eglenme-de, tiz gaç».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Онсоң яглы голчаны ал-да, оны Ехувың депесинден гуюп, Реб шейле диййәр дий: „Мен сени Ысрайыла патыша эдип беллейәрин“. Онсоң сен ол ерде хич хили эгленме-де, тиз гач».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 9:3
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sadok ruhany bilen Natan pygamber şol ýerde onuň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga bellesinler; onsoň surnaý çalyň-da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“ diýip gygyryň.


Şeýle hem Nimşiniň ogly Ýehuwyň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga saýla; Abelmeholadan bolan Şapatyň ogly Elýaşanyň başyna ýag guýup, ony öz ornuňa pygamberlige saýla.


Hazaýyl: «Köpekden parhy bolmadyk bu guluň beýle uly işleri eder ýaly kim bolupdyr?» diýdi. Elýaşa: «Reb maňa seniň Siriýa patyşa boljagyňy görkezdi» diýip jogap berdi.


Şeýdip, Ýehu turup, ýaş pygamber bilen bile içeri girdi. Ýaş pygamber hem onuň depesinden ýag guýup, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men seni Öz halkym bolan Ysraýyla patyşalyga belleýärin.


Emma Ahazýanyň Ýoramyň ýanyna gelip heläk bolmagy Hudaý tarapyndandy. Ahazýa bu ýere gelip, Ýoram bilen bile Nimşiniň ogly Ýehuwyň ýanyna gitdi. Reb Ahabyň nesillerini ýok etmek üçin Ýehuwy saýlapdy.


Mesh ýagy alyp, onuň başyna guý. Şeýdip ony saýla.


Nebukadnesar özüniň patyşalygynyň ikinji ýylynda bir düýş gördi. Muňa onuň ýüregi howsala düşüp, ukusy gaçdy.


Eý, patyşa, Beýik Hudaý seniň ataň Nebukadnesara patyşalyk, beýiklik, şan-şöhrat we hormat berdi.


Bagyş etmek üçin, Musa Harunyň başyna mesh ýagyny guýdy.


Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.


Müneçjimler gidenden soň, Rebbiň bir perişdesi Ýusubyň düýşüne girip: «Tur! Çaga bilen ejesini al-da, Müsüre gaç. Özüm habar berýänçäm, şol ýerde gal, sebäbi Hirod çagany öldürmek üçin Onuň gözlegine çykmakçy bolýar» diýdi.


bir aýal çüýşede gymmatbaha atyr ýagyny alyp, Onuň ýanyna geldi we ony Isanyň başyna guýdy.


Soňra Şamuwel ýagly küýzäni alyp, ýagy Şawulyň kellesinden guýdy-da, ony ogşap, şeýle diýdi: «Öz saýlan halkyna hökümdar bolmagyň üçin, Reb seni belledi.


Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Reb Öz halky ysraýyla patyşa bellemek üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Indi sen Rebbiň sözüne gulak as.


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Özüňi ähmiýetsiz kiçi saýsaň-da, sen ysraýyl tireleriniň kethudasy dälmi eýsem? Reb seni Ysraýylyň üstünden şalyk sürmäge saýlady.


Şamuwel: «Men nädip gideýin? Eger Şawul eşidäýse, ol meni öldürer» diýdi. Reb oňa şeýle diýdi: «Ýanyňa bir göle al-da, „Men Rebbe gurbanlyk bermäge geldim“ diý.


«Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen onuň başyna ýag guýup, ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdar bellärsiň. Ol Meniň halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Halkymyň ejir çekýändigini Men gördüm, çünki olaryň ahy-nalasy Maňa ýetdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ