Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 9:26 - Mukaddes Kitap

26 „Düýn Men Nabodyň we onuň ogullarynyň ganyny Öz gözüm bilen gördüm. Men – Reb almytyňy edil şu mellekde berjekdigimi aýdýandyryn“. Şonuň üçin hem ony häzir Rebbiň aýdyşy ýaly mellege taşla».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 „Дүйн Мен Набодың ве онуң огулларының ганыны Өз гөзүм билен гөрдүм. Мен – Реб алмытыңы эдил шу меллекде берҗекдигими айдяндырын“. Шонуң үчин хем оны хәзир Реббиң айдышы ялы меллеге ташла».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 9:26
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iki sany deýýus gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Nabody galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler.


Sen oňa Reb şeýle diýýär diý: „Sen ilki Nabody öldürdiň, indi hem onuň üzümçiligini eýeleýäňmi? Itler Nabodyň ganyny ýalan ýerinde seniň hem ganyňy ýalarlar“».


Ýoram: «Söweş arabasyny taýýarlaň» diýdi. Olar onuň söweş arabasyny taýýarladylar. Ysraýyl patyşasy Ýoram bilen Ýahuda patyşasy Ahazýa hersi öz söweş arabasynda ýola düşdüler. Olar Ýehuwyň öňünden çykmaga gitdiler. Olar ýizregelli Nabodyň melleginde Ýehuwa sataşdylar.


Ýehu öz serkerdesi Bidkara şeýle diýdi: «Ony galdyr-da, ýizregelli Nabodyň mellegine taşla. Biz ata atlanyp, seniň bilen bile Ýoramyň kakasy Ahabyň yzyndan gelýärkäk, Rebbiň oňa garşy aýdan sözüni ýadyňa sal:


Siriýalylar Ýowaşa agyr ýara salyp, onuň ýanyndan gidenlerinden soň, Ýowaşyň öz nökerleri Ýehoýada ruhanynyň oglunyň gany üçin ar almaga onuň garşysyna dildüwşük gurap, ony düşeginde öldürdiler. Şeýdip, Ýowaş öldi. Ýowaşy Dawut galasynda jaýladylar, ýöne ony patyşalaryň ýanynda jaýlamadylar.


Emma Musanyň Töwratda berlen tabşyryklary berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren nökerleriň çagalaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Ene-atalar çagalarynyň günäsi üçin öldürilmesin, çagalar-da ene-atalarynyň günäleri üçin öldürilmesin, her kim öz günäsi üçin öldürilsin» diýip tabşyryk beripdi.


Çünki Ol dökülen ganlaryň hununy alýar, olary Öz hakydasynda saklaýar; ejir çekýänleriň perýadyny Ol unutmaýar.


Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.


Ýöne siz: „Näme üçin ogul atasynyň ýazygyny çekmeýär?“ diýýärsiňiz. Sebäbi bu ogul adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirdi, Meniň ähli parzlarymy berk saklap, olary doly berjaý etdi; ol hökman diri galar.


Köp halklaryň soňuna çykmak bilen öz öýüňizi utanja goýduňyz, janyňyzdan mahrum bolduňyz.


Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin.


Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb – gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ