Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 9:22 - Mukaddes Kitap

22 Ýoram Ýehuwy görüp: «Ýehu, eýgilikmidir?» diýip sorady. Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýligi bilen eýgilik nireden bolsun?!» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Ёрам Ехувы гөрүп: «Еху, эйгиликмидир?» дийип сорады. Еху: «Эҗең Изебелиң эдйән көп зынагәрлиги, җадыгөйлиги билен эйгилик ниреден болсун?!» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 9:22
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem sen häzir bütin ysraýyllary, Izebeliň goldaýan dört ýüz elli Bagal butunyň pygamberlerini we dört ýüz Aşera butunyň pygamberlerini Karmel dagyna, meniň ýanyma ýygna».


(Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmekde Ahapdan ozduran adam bolmandy. Ol bu pis işleri aýaly Izebeliň itergisi bilen etdi.


Şeýdip, bir atly Ýehuwyň öňünden çykyp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi. Garawul hem: «Çapar olaryň ýanyna bardy, ýöne yzyna dolananok» diýip habar berdi.


Söýmegiň öz wagty bar, ýigrenmegiň öz wagty; urşuň öz wagty bar, parahatçylygyň öz wagty.


Bularyň bary zynahorlyk edendigiň üçin, jadygöýligiň bilen halklary heläkçilige eltendigiň üçin, jadylyk bilen milletleri gul edendigiň üçin, gözbagçylyk bilen halklary özüňe çekendigiň üçin boldy.


Çyralaryňyň yşygy indi ýagty saçmaz, öýlenýän ýigitdir gelniň sesi indi senden eşidilmez. Seniň täjirleriň dünýäniň beýik adamlarydy, seniň jadygöýligiň ähli milletleri ýoldan çykardy.


Çünki ähli milletler onuň azgyn hyjuwlarynyň şerabyny içdiler. Dünýäniň şalary onuň bilen zyna etdiler, täjirleri onuň göçgünli aýşy-eşretinden baýadylar».


Şamuwel Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirdi; ol Beýtullahama geldi. Galanyň ýaşululary sandyraşyp, onuň ýanyna geldiler-de: «Eýgilikmi?» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ