Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 9:2 - Mukaddes Kitap

2 Ol ýere baryp, Nimşiniň agtygy, Ýehoşapadyň ogly Ýehuwy gözläp tap. Onuň ýanyna bar-da, ony ýoldaşlarynyň arasyndan alyp, içki otaga äkit.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ол ере барып, Нимшиниң агтыгы, Ехошападың оглы Ехувы гөзләп тап. Онуң янына бар-да, оны ёлдашларының арасындан алып, ички отага әкит.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 9:2
7 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siriýalylaryň aman galanlary Apek galasyna gaçyp girdiler. Gala gaçyp giren ýigrimi ýedi müň adamyň üstüne diwar ýykyldy. Benhadat hem gala gaçyp, ol şol ýerdäki bir içki otagda gizlendi.


Mikaýa: «Sen muny gizlenmek üçin içki otaga giren günüň bilersiň» diýip jogap berdi.


Ýehu daşa çykyp, patyşanyň serkerdeleriniň ýanyna gelende, olar ondan: «Eýgilikmidir? Bu däli seniň ýanyňa näme üçin gelipdir?» diýip soradylar. Ýehu: «Bu adamyň kimdigini we onuň gürrüňlerini özüňiz bilýäňiz-ä!» diýip jogap berdi.


Şeýlelik bilen Nimşiniň agtygy, Ýehoşapadyň ogly Ýehu Ysraýyl patyşasy Ýorama garşy dildüwşük gurady. Şol wagt Ýoram bütin ysraýyl halky bilen birlikde Ramotgilgady Siriýa patyşasy Hazaýylyň hüjüminden goraýardy.


Garawul ýene-de: «Çapar olaryň ýanyna bardy, ýöne yzyna dolananok. Gelýäniň at çapdyryşy Nimşiniň agtygy Ýehuwyň at çapdyryşyna meňzeýär, çünki Ýehu aty aýagaldygyna çapdyrýandyr» diýip habar berdi.


Ýaş pygamber Ramotgilgada gelende, bu ýerde goşun serkerdeleri geňeş edip oturan ekenler. Ýaňky ýaş pygamber olaryň birine: «Eý, serkerde, men saňa bir habar getirdim» diýdi. Ýehu: «Haýsymyz üçin?» diýip sorady. Ýaş pygamber hem: «Seniň üçin, serkerde» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ