Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 9:17 - Mukaddes Kitap

17 Ýizregelde diňiň üstünde duran bir garawul bardy. Ol garawul Ýehuwyň ýakynlaşyp gelýän goşunyny görüp: «Men bize tarap gelýän bir topar esgeri görýärin» diýdi. Ýoram patyşa hem: «Bir atlyny olaryň öňünden iber. Ol baryp olardan: „Eýgilikmidir?“ diýip sorasyn» diýip buýruk berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Йизрегелде диңиң үстүнде дуран бир гаравул барды. Ол гаравул Ехувың якынлашып гелйән гошуныны гөрүп: «Мен бизе тарап гелйән бир топар эсгери гөрйәрин» дийди. Ёрам патыша хем: «Бир атлыны оларың өңүнден ибер. Ол барып олардан: „Эйгиликмидир?“ дийип сорасын» дийип буйрук берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 9:17
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abşalom gaçyp gidipdi. Dag tarapdaky Horonaýym ýolundan bir topar adamyň gelýändigine gözegçi nökeriň gözi düşdi.


Dawut şäher derwezesiniň içki hem daşky gapylarynyň arasynda otyrdy. Şol wagt gözegçi derwezehananyň ýokarsyna, diwara çykyp seretdi we kimdir biriniň ylgap gelýändigini gördi.


Adonyýa şeýle diýdi: «Sen bilýärsiň, men patyşa bolmalydym, bütin ysraýyl halky meniň patyşa bolmagyma garaşýardy. Emma bu başgaça boldy, meniň inim patyşa boldy, çünki bu patyşalyk Rebdendi.


Şeýdip, olar iki adamy saýladylar, patyşa olary iki sany at we iki sany söweş arabasy bilen Siriýa goşunynyň yzyndan iberdi. Patyşa olara: «Gidiň-de, bar zady anyklaň» diýip buýruk berdi.


Ýehu daşa çykyp, patyşanyň serkerdeleriniň ýanyna gelende, olar ondan: «Eýgilikmidir? Bu däli seniň ýanyňa näme üçin gelipdir?» diýip soradylar. Ýehu: «Bu adamyň kimdigini we onuň gürrüňlerini özüňiz bilýäňiz-ä!» diýip jogap berdi.


Ýehu şeýle diýdi-de, özüniň söweş arabasyna münüp, Ýizregele gitdi, çünki Ýoram şol ýerde ýaralanyp ýatyrdy. Ýahuda patyşasy Ahazýa hem Ýoramy görmek üçin Ýizregele gelipdi.


Şeýdip, bir atly Ýehuwyň öňünden çykyp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi. Garawul hem: «Çapar olaryň ýanyna bardy, ýöne yzyna dolananok» diýip habar berdi.


Onsoň Ýoram ikinji bir atlyny Ýehuwyň ýanyna ýollady. Ol hem olaryň ýanyna baryp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi.


Ysraýylyň sakçylary kör, hiç zady bilmeýärler; ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir; olar ýatyp, düýş görýärler, uklamagy gowy görýärler.


Eý, Iýerusalim, diwarlaryňda gözegçiler goýdum, gije-gündiz asla dymmaz olar. Eý, Rebbe ýatladýanlar, özüňize dynç bermäň,


Şamuwel Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirdi; ol Beýtullahama geldi. Galanyň ýaşululary sandyraşyp, onuň ýanyna geldiler-de: «Eýgilikmi?» diýdiler.


Dawut zatlaryny sakça tabşyrdy-da, goşuna tarap ylgady. Agalarynyň ýanyna baryp, olar bilen salamlaşdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ