Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 9:14 - Mukaddes Kitap

14 Şeýlelik bilen Nimşiniň agtygy, Ýehoşapadyň ogly Ýehu Ysraýyl patyşasy Ýorama garşy dildüwşük gurady. Şol wagt Ýoram bütin ysraýyl halky bilen birlikde Ramotgilgady Siriýa patyşasy Hazaýylyň hüjüminden goraýardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Шейлелик билен Нимшиниң агтыгы, Ехошападың оглы Еху Ысрайыл патышасы Ёрама гаршы дилдүвшүк гурады. Шол вагт Ёрам бүтин ысрайыл халкы билен бирликде Рамотгилгады Сирия патышасы Хазайылың хүҗүминден гораярды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 9:14
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysakar neslinden bolan Ahyýanyň ogly Bagşa Nadaba garşy dildüwşük gurdy. Bagşa piliştlilere degişli bolan Gibetonda Nadaby öldürdi, çünki Bagşa bilen bütin ysraýyllar Gibetonyň daşyny gabapdylar.


Düşelgedäki goşunlar Zimriniň Ela patyşa garşy dildüwşük edip, ony öldürendigi baradaky habary eşidenlerinde, ysraýyl halky goşunbaşy Omryny düşelgede Ysraýyla patyşa etdiler.


Hananynyň ogly Ýehu pygambere Bagşa we onuň nesillerine garşy Rebbiň şu sözi aýan boldy. Çünki Bagşa Ýarobgamyň nesilleri ýaly hereket etdi we Ýarobgamyň nesillerini öldürdi. Şeýdip, ol Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, öz pis işleri bilen Onuň gaharyny getiripdi.


Ela Tirsada öz köşk emeldary Arsanyň öýünde serhoş bolup otyrka, Zimri oňa garşy dildüwşük gurdy. Zimri söweş arabalarynyň ýarysynyň serkerdesidi.


Ysraýyl patyşasy Ahap öz adamlaryna: «Siz Ramotgilgadyň bize degişlidigini bilýärsiňizmi? Ramotgilgady Siriýa patyşasynyň elinden almak üçin biz entek hiç zat edemzok» diýdi.


Ertesi ir bilen Ýehu halkyň öňüne çykyp, şeýle diýdi: «Siz ýazyksyz adamlar. Jenabym Ýorama garşy dildüwşük gurup, ony öldüren men. Emma bu ýatanlary öldüren kim?


Bu işi eden Ýowaşyň emeldarlary Şimgatyň ogly Ýozabat bilen Şomeriň ogly Ýehozabatdy. Ýowaş dünýäden ötdi we Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Amazýa patyşa boldy.


Onsoň Elanyň ogly Hoşeýa Remalýanyň ogly Peka garşy dildüwşük gurap, onuň üstüne hüjüm etdi we ony öldürdi. Soňra Uzyýanyň ogly Ýotamyň patyşalygynyň ýigriminji ýylynda Hoşeýa Pekanyň ýerine patyşa boldy.


Ahazýa Ahabyň ogly Ýoram bilen Siriýanyň patyşasy Hazaýyla garşy uruşmak üçin Ramotgilgada gitdi. Siriýalylar şol ýerde Ýoramy ýaraladylar.


Ysraýyl patyşasy Ýehoram Ramotgilgatda Hazaýyla garşy urşup ýörkä, siriýalylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp geldi. Ýahuda patyşasy Ýoramyň ogly Ahazýa ýaralanan Ahabyň ogly Ýoramy görmek üçin Ýizregele gitdi.


Ol ýere baryp, Nimşiniň agtygy, Ýehoşapadyň ogly Ýehuwy gözläp tap. Onuň ýanyna bar-da, ony ýoldaşlarynyň arasyndan alyp, içki otaga äkit.


Ýehu derwezeden girende, Izebel: «Sen hem öz jenabyny öldüren Zimri ýalysyň! Eýgilige geldiňmi?» diýip sorady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ