Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 9:11 - Mukaddes Kitap

11 Ýehu daşa çykyp, patyşanyň serkerdeleriniň ýanyna gelende, olar ondan: «Eýgilikmidir? Bu däli seniň ýanyňa näme üçin gelipdir?» diýip soradylar. Ýehu: «Bu adamyň kimdigini we onuň gürrüňlerini özüňiz bilýäňiz-ä!» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Еху даша чыкып, патышаның серкерделериниң янына геленде, олар ондан: «Эйгиликмидир? Бу дәли сениң яныңа нәме үчин гелипдир?» дийип сорадылар. Еху: «Бу адамың кимдигини ве онуң гүррүңлерини өзүңиз билйәңиз-ә!» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 9:11
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen tiz ylgap, aýalyň öňünden çyk-da, ondan: „Sag-salamatmysyň, adamyň sag-salamatmy? Çagaň sag-salamatmy?“ diýip sora» diýdi. Aýal hem: «Sag-salamatlykdyr» diýip jogap berdi.


Şeýdip, Geýhazy Nagamanyň yzyndan gitdi. Nagaman kimdir biriniň yzyndan ylgap gelýänini görüp, ony garşylamak üçin arabadan böküp düşdi-de: «Eýgilikmidir?» diýip sorady.


Olar: «Ýok, bu ýalan. Bize hakykaty aýt» diýdiler. Onsoň Ýehu: «Onuň maňa bar diýen zady Reb şeýle diýýär: „Men seni Ysraýyla patyşa etmek üçin başyňa ýag guýup saýlaýaryn“» diýdi.


Ýizregelde diňiň üstünde duran bir garawul bardy. Ol garawul Ýehuwyň ýakynlaşyp gelýän goşunyny görüp: «Men bize tarap gelýän bir topar esgeri görýärin» diýdi. Ýoram patyşa hem: «Bir atlyny olaryň öňünden iber. Ol baryp olardan: „Eýgilikmidir?“ diýip sorasyn» diýip buýruk berdi.


Onsoň Ýoram ikinji bir atlyny Ýehuwyň ýanyna ýollady. Ol hem olaryň ýanyna baryp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi.


Ol ýere baryp, Nimşiniň agtygy, Ýehoşapadyň ogly Ýehuwy gözläp tap. Onuň ýanyna bar-da, ony ýoldaşlarynyň arasyndan alyp, içki otaga äkit.


Ýoram Ýehuwy görüp: «Ýehu, eýgilikmidir?» diýip sorady. Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýligi bilen eýgilik nireden bolsun?!» diýip jogap berdi.


Hakykat ýok, ýamanlykdan gaça durýan talanýar, Reb muny gördi, adalatyň ýokdugyna gynandy.


‘Ruhany Ýehoýadanyň deregine seni Rebbiň Özi ruhany edip belledi. Rebbiň öýüniň baş gözegçileri ol ýerde özüni pygamber edip görkezýän her bir däli adamy kündeläp, demir zynjyra baglasynlar.


Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.


Isanyň hossarlary bu barada eşidende: «Isa akylyndan azaşypdyr» diýip, Ony äkitmäge geldiler.


Olaryň köpüsi: «Ony jyn urupdyr, Ol däliräpdir. Näme üçin siz Ony diňleýärsiňiz?» diýdi.


Birnäçe epikur we stoik taglymatçylar hem Pawlus bilen jedelleşdiler. Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» diýse, käbiri: «Ol keseki hudaýlar barada wagyz edýär» diýýärdi. Olar Pawlus Isanyň Hoş Habaryny we direlişini wagyz edýändigi üçin şeýle diýýärdiler.


Pawlus şeýdip, özüni gorap durka, Festus gaty ses bilen: «Pawlus, sen däliräpsiň! Okumyşlyk seni akylyňdan azaşdyrypdyr» diýdi.


Biz Mesihe bolan imanymyzyň hatyrasyna akmakdyrys, siz bolsa Mesihiň saýasynda paýhaslysyňyz! Biz ejiz, siz bolsa güýçlüsiňiz! Siz at-abraýly, biz bolsa biabraýdyrys!


Biz akyldan azaşan kimin görnen bolsak, bu Hudaýy şöhratlandyrmak üçindir; eger akylly görnen bolan bolsak, bu siziň üçindir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ