Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 8:9 - Mukaddes Kitap

9 Şeýdip, Hazaýyl özi bilen Damaskyň dürli-dümen harytlaryndan kyrk düýe ýüki sowgatlar alyp, Hudaýyň adamyny garşylamaga gitdi. Ol baryp, Elýaşanyň öňünde durup: «Siriýa patyşasy guluň Benhadat: „Men bu hassalykdan sagalarmykam?“ diýip soramak üçin meni seniň ýanyňa iberdi» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Шейдип, Хазайыл өзи билен Дамаскың дүрли-дүмен харытларындан кырк дүе йүки совгатлар алып, Худайың адамыны гаршыламага гитди. Ол барып, Эляшаның өңүнде дуруп: «Сирия патышасы гулуң Бенхадат: „Мен бу хассалыкдан сагалармыкам?“ дийип сорамак үчин мени сениң яныңа иберди» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 8:9
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eliňe on çörek, külçeler, bir golça-da bal alyp, onuň ýanyna git; ol saňa oglumyza näme boljagyny aýdyp berer».


Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalarynda galan ähli kümüşdir altyny alyp, olary öz köşk emeldarlaryna berdi. Asa olary Tabrymmonyň agtygy, Hezýonyň ogly, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi.


Onsoň Reb Ylýas pygambere şeýle diýdi: «Bar, çöl ýoly bilen yzyňa git-de, Damaska sowul. Ol ýere bar-da, Hazaýylyň başyna ýag guýup, ony Siriýanyň üstünden patyşalyga saýla.


Bir gün Ahazýa Samariýa şäherindäki köşgüniň ýokarky gatyndaky penjireden ýykylyp, şikeslendi. Onsoň ol: «Gidiň-de, Ekron hudaýy Bagalzebupdan soraň, men bu şikesden gutulyp bilerinmi?» diýip çaparlar ýollady.


Elýaşa agyr keselläp ýatyrdy. Onuň ölmeli pursady golaýlanda, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Elýaşanyň halyny soramaga geldi. Ol: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen söweş arabaly esgerleri!» diýip, sesli aglady.


Ahaz Aşur patyşasy Tiglatpileseriň ýanyna çaparlar ýollap: «Men seniň guluň hem-de ogluňdyryn. Gel-de, maňa garşy hüjüm edýän Siriýa patyşasy bilen Ysraýyl patyşasynyň elinden meni gutar» diýdi.


Emma Nagamanyň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: «Eý, atamyz, eger pygamber saňa bir kyn iş buýran bolsa, sen ony etmezmidiň? Onuň saňa bar aýdan zady: „Ýuwun-da, tämiz bol“. Bu dagy nämejik?!» diýdiler.


Siriýa patyşasy oňa: «Bar, git, men Ysraýyl patyşasyna seniň bilen hat hem ýollaýyn» diýdi. Nagaman on ýedi batman kümüş, alty müň altyn teňňe hem-de on laý egin-eşik alyp, Ysraýyl patyşasynyň ýanyna gitdi.


Ysraýyl patyşasy siriýalylary görüp, Elýaşadan: «Jenabym, bulary gyryp ýok edeýinmi? Bulary öldüreýinmi?» diýip sorady.


Agtarmagyň öz wagty bar, ýitirmegiň öz wagty, saklamagyň öz wagty bar, zyňmagyň öz wagty.


Ýöne etjek ýagşylygyň mejbury däl-de, meýletin bolar ýaly, senden birugsat hiç zat edesim gelmedi.


Öz ýigitleriňden sorasaň aýdarlar. Indi senem meniň ýigitlerim bilen mylakatly bol, çünki biz ýanyňa sähetli güni geldik. Öz gullaryňa hem ogluň Dawuda nämäň bar bolsa bermegiňi towakga edýärin“».


Şawul hyzmatkärine: «Eger gitsek, oňa näme äkideris? Torbalarymyzdaky çöreklerem-ä tükendi. Hudaýyň adamyna äkider ýaly bizde hiç hili sowgat ýok ahyryn. Hany, bizde näme bar?» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ