Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 8:8 - Mukaddes Kitap

8 Patyşa emeldary Hazaýyla şeýle diýdi: «Ýanyň bilen sowgatlar al-da, Hudaýyň adamyny garşylamaga git. Onsoň onuň üsti bilen Rebden sora: „Men şu hassalykdan sagalarmykam?“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Патыша эмелдары Хазайыла шейле дийди: «Яның билен совгатлар ал-да, Худайың адамыны гаршыламага гит. Онсоң онуң үсти билен Ребден сора: „Мен шу хассалыкдан сагалармыкам?“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 8:8
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Reb Ylýas pygambere şeýle diýdi: «Bar, çöl ýoly bilen yzyňa git-de, Damaska sowul. Ol ýere bar-da, Hazaýylyň başyna ýag guýup, ony Siriýanyň üstünden patyşalyga saýla.


Hazaýylyň gylyjyndan gutulany Ýehu öldürer, Ýehuwyň gylyjyndan gutulany bolsa Elýaşa öldürer.


Ylýas patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Sen Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan gutulyşyň barada soramaga adam iberer ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“» diýdi.


Bir gün Ahazýa Samariýa şäherindäki köşgüniň ýokarky gatyndaky penjireden ýykylyp, şikeslendi. Onsoň ol: «Gidiň-de, Ekron hudaýy Bagalzebupdan soraň, men bu şikesden gutulyp bilerinmi?» diýip çaparlar ýollady.


Olar şeýle jogap berdiler: «Öňümizden bir adam çykyp, bize Reb şeýle diýýär diýdi: „Sizi iberen patyşaňyzyň ýanyna baryň-da, oňa sen Ekron hudaýy Bagalzebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“ diýiň».


Siriýa patyşasy oňa: «Bar, git, men Ysraýyl patyşasyna seniň bilen hat hem ýollaýyn» diýdi. Nagaman on ýedi batman kümüş, alty müň altyn teňňe hem-de on laý egin-eşik alyp, Ysraýyl patyşasynyň ýanyna gitdi.


Bir adam Ondan: «Eý, Agam! Halas ediljekleriň sany az bolarmyka?» diýip sorady. Isa olara şeýle diýdi:


Olary daşary çykaryp: «Agalar! Men halas bolmak üçin näme etmeli?» diýip sorady.


Şawul hyzmatkärine: «Eger gitsek, oňa näme äkideris? Torbalarymyzdaky çöreklerem-ä tükendi. Hudaýyň adamyna äkider ýaly bizde hiç hili sowgat ýok ahyryn. Hany, bizde näme bar?» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ