Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 8:7 - Mukaddes Kitap

7 Elýaşa Damaska geldi. Şol wagt Siriýa patyşasy Benhadat hassady. Patyşa: «Hudaýyň adamy şu ýere gelipdir» diýip habar berdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Эляша Дамаска гелди. Шол вагт Сирия патышасы Бенхадат хассады. Патыша: «Худайың адамы шу ере гелипдир» дийип хабар бердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 8:7
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram esgerlerini toparlara bölüp, gije şalaryň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi. Soňra Ybram olary ýene Damaskdan demirgazykda ýerleşen Hobaha çenli kowdy.


Dawut sobalylary öldürende, Rezon ýanyna adam ýygnap, bir leşgere baş boldy. Olar Damaska baryp, şol ýerde mesgen tutdular, onuň adamlary Rezony Damaskda patyşa etdiler.


Ýarobgam gurbanlyk sypasynyň ýanynda ýakymly ysly tütetgi ýakjak bolup durka, Rebbiň tabşyrygy boýunça Hudaýyň adamy Ýahudadan Beýtele geldi.


Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalarynda galan ähli kümüşdir altyny alyp, olary öz köşk emeldarlaryna berdi. Asa olary Tabrymmonyň agtygy, Hezýonyň ogly, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi.


Siriýanyň patyşasy Benhadat özüniň bütin goşunyny toplady. Onuň ýanynda atlar, söweş arabalary bilen birlikde otuz iki sany han bardy. Ol Samariýa garşy ýöriş edip, onuň daşyny gabap, gala hüjüm etdi.


Benhadat Ahaba: «Men kakamyň seniň kakaňdan alan galalaryny yzyna gaýtaryp bererin. Kakamyň Samariýada bazarlar gurşy ýaly, sen hem Damaskda özüňe bazarlar gur» diýdi. Ahap: «Eger sen şu beren wadaňa wepaly bolsaň, men seni boşadaryn» diýdi. Şeýdip, Ahap Benhadat bilen äht baglaşyp, ony boşatdy.


Bir gün Ahazýa Samariýa şäherindäki köşgüniň ýokarky gatyndaky penjireden ýykylyp, şikeslendi. Onsoň ol: «Gidiň-de, Ekron hudaýy Bagalzebupdan soraň, men bu şikesden gutulyp bilerinmi?» diýip çaparlar ýollady.


Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşany bir menzil ýerden görüp: «Ylýasyň ruhy Elýaşada» diýişdiler. Onsoň olar Elýaşanyň öňünden çykyp, oňa tagzym etdiler.


Hudaýyň adamy Elýaşanyň hyzmatkäri Geýhazy: «Meniň jenabym bu siriýaly Nagamana rehim edip, onuň özüne getiren peşgeşini kabul etmedi. Rebden ant içýärin, men onuň yzyndan ylgap gidip, ondan bir zatlar alaýyn» diýen pikire geldi.


Onsoň onuň nökerleriniň biri şeýle diýdi: «Hiç kim, jenap patyşam. Ysraýylda Elýaşa pygamber bar. Ol hatda seniň ýatýan otagyňda sözleýän her bir sözüňi-de Ysraýyl patyşasyna ýetirýär».


Biraz wagt geçenden soň, Siriýanyň patyşasy Benhadat ähli goşuny toplap, Samariýanyň garşysyna ýörişe çykyp, onuň daşyny gabady.


Patyşa bu aýaldan soranda, ol patyşa bolup geçen zatlar barada jikme-jik gürrüň berdi. Şeýdip, patyşa emeldarlarynyň birini çagyryp, şeýle buýruk berdi: «Bu aýalyň bar zadyny gaýtaryp ber, ýurdy taşlap giden gününden tä şu güne çenli melleginiň bar girdejisini hem yzyna ber» diýip emr etdi.


Damask Siriýanyň paýtagtydyr, Resin Damaskyň baştutanydyr. Halk bolmakdan galar Efraýym, altmyş bäş ýylyň içinde synyp.


Ýermeýa entek jogap gaýtarmanka, ol ýene sözüni dowam etdi: «Babyl patyşasy tarapyndan Ýahuda şäherlerine häkim goýlan Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna git-de, onuň bilen bile halkyň arasynda ýaşaber ýa-da nirä gitmegi dogry hasaplasaň, şoňa-da git». Şeýlelikde, janpenalaryň baştutany oňa azyk-owkat we peşgeşler berip, ony ýola saldy.


Emma olary tapyp bilmänsoňlar, Ýason bilen birnäçe doganlary şäher ýolbaşçylarynyň öňüne süýräp getirip: «Bu adamlar bütin dünýäde bulagaýlyk döredip, biziň şäherimize hem geldiler.


Hudaýyň adamy Musanyň ölmezinden öň, ysraýyllara beren patasy, ine, şudur.


Gazanyň ilaty: «Şimşon bärik gelipdir» diýşip, töwerekde gaýmalaşdy. Olar: «Jahan ýagtylýança garaşarys, ony öldüreris» diýip, uzynly gije galanyň derwezesini garawulladylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ