Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 8:6 - Mukaddes Kitap

6 Patyşa bu aýaldan soranda, ol patyşa bolup geçen zatlar barada jikme-jik gürrüň berdi. Şeýdip, patyşa emeldarlarynyň birini çagyryp, şeýle buýruk berdi: «Bu aýalyň bar zadyny gaýtaryp ber, ýurdy taşlap giden gününden tä şu güne çenli melleginiň bar girdejisini hem yzyna ber» diýip emr etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Патыша бу аялдан соранда, ол патыша болуп гечен затлар барада җикме-җик гүррүң берди. Шейдип, патыша эмелдарларының бирини чагырып, шейле буйрук берди: «Бу аялың бар задыны гайтарып бер, юрды ташлап гиден гүнүнден тә шу гүне ченли меллегиниң бар гирдеҗисини хем ызына бер» дийип эмр этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 8:6
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol arada midýanlar Ýusuby Müsürde faraonyň janpenalarynyň baştutany Potypara satdylar.


Dawut oňa: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna men saňa ýagşylyk etjek. Ataň Şawulyň ähli ýerlerini saňa gaýtaryp berjek. Sen hemişe meniň saçagymdan naharlanarsyň» diýdi.


Geýhazy Elýaşanyň ölüni direldişi barada gürrüň berip otyrka, Elýaşa tarapyndan ogly direldilen aýal patyşadan öýüniň we ýeriniň yzyna gaýtarylyp berilmegini soramaga geldi. Geýhazy hem: «Eý, jenap patyşam, ine, bu şol diýen aýalym bilen Elýaşanyň direlden oglany» diýdi.


Elýaşa Damaska geldi. Şol wagt Siriýa patyşasy Benhadat hassady. Patyşa: «Hudaýyň adamy şu ýere gelipdir» diýip habar berdiler.


Ýehu başyny galdyryp, penjirä tarap seredip: «Kim meniň tarapymda? Kim bar?» diýip gygyrdy. Onsoň iki-üç sany köşk agtasy ýokardan Ýehuwa seretdi.


Dawut Ysraýylyň ähli baştutanlaryny: tirebaşylary, patyşa gullugyndaky bölümleriň goşunbaşylaryny, müňbaşylardyr ýüzbaşylary, patyşanyň hem-de ogullarynyň mülklerine, mallaryna seredýänleriň baştutanlaryny, köşk emeldarlaryny, edermen esgerleri we batyr ýigitleriň ählisini Iýerusalime toplady.


Adamyň işleri Rebbiň göwnünden turanda, ony hatda duşmanlary bilen ýaraşdyrýar.


Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.


Eger eýesi sizden uzakda ýaşaýan bolsa ýa-da ony tanamaýan bolsaňyz, mallary öýüňize getiriň. Eýesi idäp gelýänçä saklap, eýesi gelende olary berersiňiz.


Ammon patyşasy Ýeftahyň ilçilerine şeýle jogap berdi: «Ysraýyllar Müsürden gaýdyp gelýärkäler, Arnondan Ýabok we Iordan derýalaryna çenli aralykdaky ýerlerimi meniň elimden aldylar; şol ýerleri maňa uruşsyz gaýdyp ber».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ