Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 8:4 - Mukaddes Kitap

4 Şol wagt patyşa Hudaýyň adamynyň hyzmatkäri Geýhazy bilen gepleşip otyrdy. Patyşa Geýhaza ýüzlenip: «Hany, onda maňa Elýaşanyň görkezen beýik gudratlary hakda aýdyp ber» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Шол вагт патыша Худайың адамының хызматкәри Гейхазы билен геплешип отырды. Патыша Гейхаза йүзленип: «Ханы, онда маңа Эляшаның гөркезен бейик гудратлары хакда айдып бер» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 8:4
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Ylýasdan gaçyp galan dony aldy-da, suwa urup: «Hany, Ylýasyň Hudaýy Reb nirede?» diýip gygyrdy. Elýaşa dony suwa uran badyna, suw bölünip, iki tarapa çekildi we Elýaşa kenaryň beýleki tarapyna geçdi.


Elýaşa yzyna öwrülip, oglanlara seredip, olara Rebbiň adyndan gargady. Biraz wagtdan soň, jeňňellikden iki sany aýy çykyp, kyrk iki oglany parçalady.


Elýaşa hyzmatkäri Geýhaza ýüzlenip: «Şunemli aýaly çagyr» diýdi. Hyzmatkäri ony çagyrdy. Bu aýal gelip, hyzmatkäriň öňünde durdy.


Şeýdip, aýal Karmel dagyna, Hudaýyň adamynyň ýanyna geldi. Hudaýyň adamy aýaly bir menzilden görüp, hyzmatkäri Geýhaza: «Seret, şunemli aýal gelýär!


Şeýdip, Nagaman gidip, Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ýedi gezek Iordan derýasyna çümüp çykdy. Şondan soň onuň teni ýaş oglanyň teni ýaly bolup, ol keselinden saplandy we tämiz boldy.


Şeýdip, patyşa öz huzuryndan bir çapary Elýaşanyň ýanyna ýollady. Elýaşa öz öýünde otyrdy. Ýaşulular hem onuň bilen bile otyrdylar. Çapar gelip ýetmänkä, Elýaşa ýaşululara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu ganhoryň meniň kellämi almaga bir çapary şu ýere ýollanyndan habaryňyz barmy? Seredip duruň, şol çapar gelende, gapyny ýapyň-da, ony içeri girizmäň. Anha, onuň yzyndan jenabynyň aýak sesem-ä eşidilýär».


Onsoň Hudaýyň adamy: «Ol nirä gaçdy?» diýip sorady. Ol Elýaşa pygambere paltanyň gaçan ýerini görkezende, Elýaşa bir çybyk kesip alyp, ony edil paltanyň gaçan ýerine oklap, demir paltany suwuň ýüzüne çykartdy.


Elýaşa şeýle jogap berdi: «Rebbiň sözüni eşit. Ol şeýle diýýär: „Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesiniň agzynda bir kersen saýlama un adaty baha, ýagny üç mysgala golaý kümşe, iki kersen arpa-da adaty baha, ýagny üç mysgala golaý kümşe satylar“».


Şeýdip, olar gelip, şäheriň derwezebanlaryny çagyrdylar we gygyryp: «Biz siriýalylaryň düşelgesine gitdik. Emma ol ýerde diňe daňylgy duran atlardyr eşeklerden we taşlap gidişleri ýaly duran çadyrlardan başga ne adam bar, ne-de ses-üýn» diýip habar berdiler.


Samariýa galasynyň derwezesiniň daşynda dört sany ýokanç deri keselli adam bardy. Olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Näme üçin biz ölýänçäk, şu ýerde oturmaly?


Ýedi ýyldan soň bu aýal piliştlileriň ýurdundan gaýdyp geldi. Ol öýüniň we ýeriniň yzyna gaýtarylyp berilmegini soramak üçin, patyşanyň huzuryna gitdi.


Hirod: «Baryň, çaga baradaky habaryň anygyna ýetiň. Ony tapan badyňyza, maňa habar beriň. Menem baryp, Oňa sežde etjek» diýip, olary Beýtullahama iberdi.


Hirod Isany görüp gaty begendi, sebäbi köp wagtdan bäri Ony görmek isleýärdi. Ol baradaky eşiden ençeme zatlaryna görä, Ondan bir gudratly alamat görerin diýen umydy bardy.


Hirod bolsa: «Men Ýahýanyň başyny çapdyrdym, onda bu adam kimkä? Ol hakda üýtgeşik habarlar eşidýän» diýdi. Ol Isany görmäge jan etdi.


Ol bulara: «Men ýaňy aýtdym ahyry, ýöne diňlemediňiz. Näme üçin ýene eşitmek isleýärsiňiz? Ýa sizem Onuň şägirtleri bolmakçymy?» diýip jogap berdi.


Birnäçe günden soň bolsa, Feliks öz ýahudy aýaly Drusilla bilen geldi-de, Pawlusy çagyrtdy we Isa Mesihe bolan iman hakdaky onuň gürrüňlerini diňledi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ