Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 8:16 - Mukaddes Kitap

16 Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýoramyň şalygynyň bäşinji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň ogly Ýehoram Ýahuda patyşalyk edip başlady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Ысрайыл патышасы Ахабың оглы Ёрамың шалыгының бәшинҗи йылында, Яхуда патышасы Ехошападың оглы Ехорам Яхуда патышалык эдип башлады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 8:16
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehoşapat Ýahuda patyşa bolanda otuz bäş ýaşyndady. Ol ýigrimi bäş ýyl Iýerusalimde patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Azuba. Ol Şilhiniň gyzydy.


Ýahuda patyşasy Ýehoşapat ysraýyl patyşasy bilen ýaraşyk baglaşdy.


Ýehoşapat ata-babalaryna gowuşdy. Ol atasy Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onuň ornuna ogly Ýehoram patyşa boldy.


Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň şalygynyň on ýedinji ýylynda Ahabyň ogly Ahazýa Samariýada Ysraýyla patyşa boldy; ol Ysraýylda iki ýyl patyşalyk etdi.


Şeýdip, Rebbiň Ylýasyň üsti bilen aýdan sözüne görä, Ahazýa patyşa dünýäden ötdi. Ahazýa patyşa ölenden soň, ýerine dogany Ýoram patyşa boldy, sebäbi onuň ogly ýokdy. Ol Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň ogly Ýehoramyň patyşalygynyň ikinji ýylynda Ysraýyla patyşa boldy.


Emma Ýehoram patyşanyň gyzy, Ahazýa patyşanyň aýal dogany Ýehoşeba patyşanyň öldürilmeli ogullarynyň içinden Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýehoşeba Ýowaşy Atalýadan gizledi we ol ölmän galdy.


Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda Ahabyň ogly Ýoram Ysraýyla patyşa boldy. Ol Samariýada on iki ýyl patyşalyk etdi.


Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýoramyň şalygynyň on ikinji ýylynda Ýahuda patyşasy Ýehoramyň ogly Ahazýa patyşa boldy.


Iýerusalimiň ilaty Ýehoramyň körpe ogly Ahazýany kakasynyň ýerine patyşa etdi. Ýehoramyň beýleki ogullarynyň ählisini araplar bilen düşelgä gelen leşger öldüripdi. Şeýdip, Ýehoramyň ogly Ahazýa Ýahuda patyşa boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ