Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 8:12 - Mukaddes Kitap

12 Hazaýyl ondan: «Jenabym, sen näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorady. Elýaşa şeýle jogap berdi: «Men seniň ysraýyl halkynyň başyna ýowuz günleri getirjekdigiňi bilip aglaýaryn. Sen olaryň galalaryna ot berip, söweşde olaryň iň oňat esgerlerini gylyçdan geçirersiň, olaryň çagalarynyň kellelerini ýenjip, göwreli aýallarynyň garynlaryny dilersiň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Хазайыл ондан: «Җенабым, сен нәме үчин аглаярсың?» дийип сорады. Эляша шейле җогап берди: «Мен сениң ысрайыл халкының башына ёвуз гүнлери гетирҗекдигиңи билип аглаярын. Сен оларың галаларына от берип, сөвешде оларың иң оңат эсгерлерини гылычдан гечирерсиң, оларың чагаларының келлелерини енҗип, гөврели аялларының гарынларыны дилерсиң».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 8:12
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürende, ýüz adamy elli-elliden iki gowakda gizläp, olary çörek we suw bilen üpjün edenim jenabyma aýtmadylarmy näme?


Hazaýylyň gylyjyndan gutulany Ýehu öldürer, Ýehuwyň gylyjyndan gutulany bolsa Elýaşa öldürer.


Şol döwürde Siriýa patyşasy Hazaýyl Gatyň üstüne çozup, ony basyp aldy. Soňra ol Iýerusalime hüjüm etmegi ýüregine düwdi.


Ýahuda patyşasy Ýowaş atalary bolan Ýahuda patyşalary Ýehoşapadyň, Ýehoramyň, Ahazýanyň Rebbe bagyş eden bar zatlaryny, özüniň Rebbe bagyş eden bar zatlaryny, Rebbiň öýüniň we patyşanyň öýüniň hazynalaryndaky altynyň baryny alyp, Siriýa patyşasy Hazaýyla iberdi. Şondan soň Hazaýyl Iýerusalimden el çekdi.


Siriýa patyşasy Hazaýyl Ýehogahazyň bütin ömrüne Ysraýyla sütem edip gelipdi.


Reb Ysraýyla garşy gahary geldi. Ol ysraýyllary gaýta-gaýta Siriýa patyşasy Hazaýylyň we Hazaýylyň ogly Benhadadyň eline berdi.


Şeýdip, Ýehogahazyň diňe elli sany söweş arabaly esgerinden, on söweş arabasyndan we on müň pyýada goşunyndan başga goşuny galmady, çünki Siriýa patyşasy olary harman tozy kimin ýok edipdi.


Şol döwürde Menahym Tirsadan başlap, Tipsada we onuň etraplarynda ýaşaýanlaryň baryny gyrdy. Özüne galanyň derwezesini açmandyklary üçin, olaryň baryny gyrdy we göwreli aýallarynyň garynlaryny ýardy.


Onsoň aýal oňa: «Jenabym, men senden ogul diledimmi näme? Men saňa meni aldama diýmedimmi näme?» diýdi.


Çagalary gözleriniň alnynda parça-parça ediler, öýleri talanar, aýallaryna el urlar.


Ýaş ýigitleri ýere ýazar ýaýlary, bäbeklere rehim etmezler, gözleri çagalary gaýgyrmaz.


Halkyň arasynda uruş gopguny dörär. Şalmanyň söweş gününde Beýtarbeli weýran edip, eneler bala-çagalary bilen parçalanyşy ýaly, ähli galalaryň haraba öwrüler.


Samariýa halky öz günäsiniň jezasyny çeker. Çünki Hudaýa garşy çykdylar. Olar gylyçdan heläk bolarlar. Balalary ýere ýazylyp parçalanar. Hamyla aýallarynyň garny ýarylar.


Reb şeýle diýýär: «Men ammonlary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar öz çäklerini giňeltmek üçin Gilgadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar.


Emma şonda-da No-Amon halky tutulyp sürgün edildi, çagalary her köçäniň başynda daşa urlup öldürildi. Onuň emeldarlary üçin bije atyldy, beýik adamlar zynjyrlandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ