Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 8:1 - Mukaddes Kitap

1 Elýaşa ogluny direlden aýala şeýle diýipdi: «Tur-da, öý-içeriň bilen gidip, ýaşap biljek ýeriňde mesgen tut, çünki Reb bu ýurduň başyna ýedi ýyllyk açlyk getirjek».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Эляша оглуны дирелден аяла шейле дийипди: «Тур-да, өй-ичериң билен гидип, яшап билҗек ериңде месген тут, чүнки Реб бу юрдуң башына еди йыллык ачлык гетирҗек».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 8:1
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kenganda gazaply açlyk başlandy. Şoňa görä, açlyk gutarýança, Ybram wagtlaýyn Müsüre gitdi.


Ýurda Ybraýymyň döwründäki ýaly başga bir açlyk düşdi. Yshak Gerara, piliştlileriň şasy Abymelegiň ýanyna gitdi.


Ýusup faraona şeýle diýdi: «Jenabyň iki düýşüniň hem manysy birdir. Hudaý faraona Öz etjek zadyny aýan edipdir.


Faraonyň şol bir düýşi iki gezek görmegi işiň Hudaý tarapyndan kesgitlenendigini we Hudaýyň ony tizara amala aşyrjakdygyny aňladýar.


Ýusubyň aýdyşy ýaly, ýedi ýyllyk açlyk başlandy. Ähli ýurtlarda açlyk boldy. Emma bütin Müsürde iýmit bardy.


Olar faraona: «Ýowuz açlyk zerarly Kenganda dowarlarymyz üçin öri galmansoň, biz Müsürde gelmişek bolup ýaşamaga geldik. Şoňa görä-de, siz öz gullaryňyza Goşen welaýatynda mesgen tutmaga ygtyýar ediň» diýdiler.


Dawudyň döwründe üç ýyla çeken açlyk boldy. Dawut Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Şawulyň gan dökmegi onuň özüniň we nesliniň boýnunadyr, sebäbi ol gibgonlylary gyrgynçylyga berdi» diýdi.


Gat muny Dawuda aýtdy we oňa: «Ýurduňa ýedi ýyl açlyk gelsinmi ýa üç aýlap duşmanlaryňa kowduryp, olardan gaçyp gezjekmi, ýa-da ýurduňa üç günläp gyrgyn keseli gelsinmi? Pikir et-de, belli karara gel; meni iberen Rebbe berjek jogabyňy aýt» diýdi.


Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».


Şeýdip, Ylýas Ahabyň ýanyna gitdi. Samariýada açlyk gaty gazaplydy.


Oglan ulalyp, günleriň birinde orakçylaryň arasyndaky kakasynyň ýanyna gitdi.


Elýaşa Geýhazyny çagyryp: «Şunemli aýaly çagyr» diýdi. Geýhazy ony çagyrdy. Aýal Elýaşanyň ýanyna geldi. Elýaşa oňa: «Ogluňy al» diýdi.


Elýaşa Gilgala dolanyp baranda, ýurtda açlyk höküm sürýärdi. Pygamberler topary onuň öňünde otyrdy. Elýaşa hyzmatkärine ýüzlenip: «Uly gazany atar-da, pygamberlere çorba bişirip ber» diýdi.


Ol nöker babatda hakykatdan hem şeýle boldy. Halk ony derwezäniň agzynda basalady we ol öldi.


Bu aýal Hudaýyň adamynyň tabşyryşy ýaly hem etdi. Ol öz öý-içerisi bilen piliştlileriň ýurduna gidip, şol ýerde ýedi ýyl ýaşady.


Olar düşelgede Musa, Rebbiň ruhanysy Haruna görip boldular.


Ine, Men Öz adym dakylan şäheriň üstünden betbagtlyk indermäge başlaýaryn. Siz jezasyz galarys öýdýärsiňizmi? Jezasyz galmarsyňyz, çünki Men ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsanyň üstünden gylyç indererin“. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Men sizi çörekden kesenimde, on aýal diňe bir tamdyrda çörek ýapar. Olar çöregiňizi size ölçäp bererler. Siz ondan iýersiňiz, ýöne doýmarsyňyz.


Ähli şäherleriňizde açlykdan dişiňiziň kirini sordurdym, tutuş ýurduňyzy nana zar etdim, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Şeýle hem Men ýurda we onuň daglaryna, galla meýdanlaryna, üzümçiliklerine, zeýtun baglaryna, ýerden önýän ähli önümlere, ynsandyr haýwanlaryň üstüne, çekýän ähli zähmetiňiziň üstüne gurakçylyk jezasyny inderdim».


Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýertitremeler, açlyk hem gyrgyn keseli, gorkunç wakalar, gökden uly alamatlar bolar.


Sebäbi şol günler ähli ýazylanlaryň berjaý bolmagy üçin jeza günleridir.


Size hakykaty aýdýaryn: Ylýasyň döwründe üç ýyl alty aýlap asmandan ýekeje damja-da ýagyş damman, ähli ýurda elhenç açlyk düşende, Ysraýylda köp dul aýallar bardy.


Olardan biriniň ady Agapdy. Ol ýerinden turup, Rim imperiýasynda ýowuz açlygyň boljakdygy barada Mukaddes Ruh arkaly welilik etdi. Bu açlyk imperator Klawdiniň dolandyrýan döwründe bolup geçdi.


Ýurdy serdarlaryň dolandyrýan döwründe açlyk höküm sürýärdi. Ýahuda ýurdunyň Beýtullaham galasyndan bir adam aýaly we iki sany ogly bilen Mowap topragyna wagtlaýynça ýaşamaga gitdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ