Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 7:9 - Mukaddes Kitap

9 Onsoň olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Biziň bu edişimiz dogry däl. Bu gün hoş habar günüdir. Eger biz dymyp, ertir daň atara garaşsak, biziň başymyza bela geler. Şonuň üçin hem ýörüň, gideliň-de, patyşanyň köşgündäkileriň baryna habar bereliň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Онсоң олар бири-бирлерине шейле дийишдилер: «Бизиң бу эдишимиз догры дәл. Бу гүн хош хабар гүнүдир. Эгер биз дымып, эртир даң атара гарашсак, бизиң башымыза бела гелер. Шонуң үчин хем йөрүң, гиделиң-де, патышаның көшгүндәкилериң барына хабар берелиң».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 7:9
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Nagaman patyşanyň ýanyna gidip, oňa ysraýylly gyzjagazyň aýdan zatlaryny gürrüň berdi.


Şeýdip, olar gelip, şäheriň derwezebanlaryny çagyrdylar we gygyryp: «Biz siriýalylaryň düşelgesine gitdik. Emma ol ýerde diňe daňylgy duran atlardyr eşeklerden we taşlap gidişleri ýaly duran çadyrlardan başga ne adam bar, ne-de ses-üýn» diýip habar berdiler.


Samariýa galasynyň derwezesiniň daşynda dört sany ýokanç deri keselli adam bardy. Olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Näme üçin biz ölýänçäk, şu ýerde oturmaly?


Çünki Taňry Siriýa goşunyna söweş arabalarynyňdyr atlarynyň sesini we ägirt uly goşunyň goh-galmagalyny eşitdiripdi. Olar biri-birlerine: «Ysraýyl patyşasy bize garşy uruşmak üçin Het patyşalaryny, Müsür patyşalaryny hakyna tutandyr» diýişdiler.


Bu ýokanç deri keselli adamlar düşelgäniň gyrasyna gelip, bir çadyra girip iýip-içdiler. Onsoň ol ýerden kümüş, altyn, egin-eşik äkidip, olary gizlediler. Soňra olar ýene-de yzlaryna öwrülip gelip, başga bir çadyra girdiler. Ol ýerdäki bar bolan zatlary äkidip, olary-da gizlediler.


Çünki dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerden galýandyr, erbedi betbagtlyk ýykýandyr.


Ilki Siona: „Ine, olar!“ diýip aýan etdim, Iýerusalime habarçy ýolladym.


Dagdan aşyp, parahatlygy yglan edýän habarçynyň gelşi ne gözeldir! Ol: «Reb Halasgärdir» diýip jar edip, Siona: «Hudaýyň höküm sürýär» diýip, hoş habar getirýär.


Ine, size hoş habar getirýän, parahatçylygy jar edýän çapar daglardan aşyp gelýär. Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle, beren wadalaryňy berjaý et. Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez, çünki olar bütinleý ýok edilerler.


Eger beýle etmeseňiz, Rebbe garşy günä iş etdigiňiz bolar we hökman gazanan günäňiziň jezasyny çekersiňiz.


Perişde olara: «Gorkmaň! Men size ähli halky begendirjek şatlykly Hoş Habary yglan edýärin:


Her kes diňe öz bähbidini däl, eýsem başgalaryň bähbidini hem arasyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ