Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 7:6 - Mukaddes Kitap

6 Çünki Taňry Siriýa goşunyna söweş arabalarynyňdyr atlarynyň sesini we ägirt uly goşunyň goh-galmagalyny eşitdiripdi. Olar biri-birlerine: «Ysraýyl patyşasy bize garşy uruşmak üçin Het patyşalaryny, Müsür patyşalaryny hakyna tutandyr» diýişdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Чүнки Таңры Сирия гошунына сөвеш арабаларыныңдыр атларының сесини ве әгирт улы гошуның гох-галмагалыны эшитдирипди. Олар бири-бирлерине: «Ысрайыл патышасы бизе гаршы урушмак үчин Хет патышаларыны, Мүсүр патышаларыны хакына тутандыр» дийишдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 7:6
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan siriýalylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular.


Balzam agaçlarynyň başlaryndan aýak seslerini eşideniňde, taýýar bol, sebäbi bu piliştlileriň goşunyny derbi-dagyn etmek üçin, Men – Rebbiň seniň öňüňe düşdügimdir».


Bir söweş arabasy on ýedi gadak töweregi kümşe, bir at bolsa dört gadakdan gowrak kümşe satyn alnyp, olar Müsürden getirilýärdi. Şeýdip, bu söweş arabalary we atlar Süleýmanyň täjirleriniň üsti bilen bütin hetleriň we Siriýanyň şalaryna satylýardy.


Olaryň hersi öz garşydaşyny öldürdi. Siriýalylar gaçdylar, ysraýyl goşuny olaryň yzlaryndan kowdy. Siriýa patyşasy Benhadat atly beýleki söweş arabaly goşuny bilen gaçyp gutuldy.


Men onuň içine bir ruh ibererin welin, ol bir habar eşidip, öz ýurduna dolanar. Men ony öz ýurdunda gylyç bilen öldürderin“».


Şeýdip, olar siriýalylaryň düşelgesine gitmek üçin alagaraňkyda turup, olaryň düşelgesiniň gyrasyndan bardylar. Ol ýerde hiç kim ýokdy.


Elhenç sesler olaryň gulagyndan gitmez, asudalykdaka olaryň üstüne talaňçy döküler.


öz puluny göterimine bermeýän, ýazyksyza garşy para almaýan. Şeýle ynsan asla yranmaz.


Medet sorap, Müsüre gidýänleriň, atlara daýanýanlaryň, köpdükleri üçin söweş arabalaryna, güýçlüdikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň dat gününe! Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar, Rebden maslahat soramaýarlar.


Onsoň siz nädip jenabymyň iň pes derejeli serkerdesini ýeňip biljek? Siz söweş arabalary we atlylary bar diýip, Müsüre bil baglaýarsyňyzmy?


Hakyna tutulan esgerleri baga bakylan öküz kimin bolsa-da, olar-da yza dönüp, bilelikde gaçdylar. Öz orunlarynda durup bilmediler. Çünki başlaryna heläkçilik günleri, jezalandyryljak günleri ýetip geldi.


Olar ýöränlerinde, ganatlaryndan çykýan sesi eşitdim: joşup akýan suwlaryň şaggyldysy, Gudratygüýçliniň sesi we uly goşunyň gürpüldisi ýalydy. Olar duranlarynda, ganatlaryny aşak goýberýärdiler.


Keruplaryň ganatlarynyň sesi Gudratygüýçli Hudaýyň geplänindäki sesi ýaly daşky howluda-da eşidildi.


Olaryň döşi demir sowut ýalydy. Ganatlarynyň sesi köpsanly söweş arabalarynyň şakyrdysyna meňzeýärdi.


Her biri düşelgäniň töwereginde öz orunlarynda durdular: tutuş düşelgedäkileriň hemmesi ylgaşdylar, gygyryşdylar we gaçyp başladylar.


Düşelgedäkileri, meýdandakylary, ähli halky aýylganç gorky gaplap aldy. Bölümdäkiler, hatda hüjümçiler gorkudan ýaňa sandyraşdylar, ýer titredi we Rebden gelen güýçli gorky gaplap aldy.


Dawut hetli Ahymelek bilen Ýowabyň inisi Seruýanyň ogly Abyşaýa: «Haýsyňyz meniň bilen Şawulyň düşelgesine gitjek?» diýip sorady. Abyşaý: «Men gitjek» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ