Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 7:3 - Mukaddes Kitap

3 Samariýa galasynyň derwezesiniň daşynda dört sany ýokanç deri keselli adam bardy. Olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Näme üçin biz ölýänçäk, şu ýerde oturmaly?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Самария галасының дервезесиниң дашында дөрт саны ёканч дери кеселли адам барды. Олар бири-бирлерине шейле дийишдилер: «Нәме үчин биз өлйәнчәк, шу ерде отурмалы?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 7:3
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siriýa patyşasynyň Nagaman atly bir serkerdesi bardy. Ol jenabynyň öňünde iň abraýly hem-de iň uly hormata eýe bolan adamdy, çünki Reb Nagamanyň üsti bilen Siriýa ýeňiş beripdi. Bu batyr ýigit ýokançly deri keselinden ejir çekýärdi.


Gala gireli diýsek, galada elhenç açlyk höküm sürýär, biz ol ýerde öleris. Emma biz bu ýerde otursagam öleris. Gel, indi siriýalylaryň düşelgesine gaçyp gideli. Eger olar bizi diri galdyrsalar-a, ýaşarys, öldürseler-de öleris».


Şol wagt patyşa Hudaýyň adamynyň hyzmatkäri Geýhazy bilen gepleşip otyrdy. Patyşa Geýhaza ýüzlenip: «Hany, onda maňa Elýaşanyň görkezen beýik gudratlary hakda aýdyp ber» diýdi.


Reb Babyl patyşasyna gulluk etmejek her bir milletiň öljekdigini aýtdy ahyryn. Näme, sen hem öz halkyň bilen gylyçdan, açlykdan, mergiden ölmekçimi?


Näme üçin biz entek hem bu ýerde otyrys? Geliň, üýşüp, berk galalara çozalyň-da, ol ýerde heläk bolalyň. Rebbe garşy günä edendigimiz üçin, Hudaýymyz Reb zäherli suw berip, bizi ölüme sezewar etdi.


Bulut çadyryň depesinden syrylanda, Merýem deri keseline uçrap, ak gar ýaly pis açdy. Harun Merýeme tarap seredip, onuň deri keseline uçrandygyny gördi.


Emma Reb Musa: «Eger atasy onuň ýüzüne tüýküren bolsady, ol ýedi günläp utançly halda bolmazmydy? Goý, ol ýedi günläp düşelgäniň daşynda bolsun. Ol soňra ýene düşelgä girip biler» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ