2 Patyşalar 7:18 - Mukaddes Kitap18-19 Çünki Hudaýyň adamynyň patyşa: «Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesiniň agzynda iki okara arpa üç mysgala golaý kümşe, bir okara saýlama un üç mysgala golaý kümşe çalşylar» diýende, patyşanyň iň ýakyn nökeri Elýaşa pygambere: «Eger Reb gökden penjireler açyp, däne ýagdyraýanda-da, heý, şeýle zat bolup bilermi?» diýipdi. Elýaşa pygamber hem: «Sen ony öz gözleriň bilen görersiň, ýöne sen ondan iýmersiň» diýip jogap beripdi. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап18-19 Чүнки Худайың адамының патыша: «Эртир шу вагтлар Самарияның дервезесиниң агзында ики окара арпа үч мысгала голай күмше, бир окара сайлама ун үч мысгала голай күмше чалшылар» диенде, патышаның иң якын нөкери Эляша пыгамбере: «Эгер Реб гөкден пенҗирелер ачып, дәне ягдыраянда-да, хей, шейле зат болуп билерми?» дийипди. Эляша пыгамбер хем: «Сен оны өз гөзлериң билен гөрерсиң, йөне сен ондан иймерсиң» дийип җогап берипди. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Şeýdip, patyşa öz huzuryndan bir çapary Elýaşanyň ýanyna ýollady. Elýaşa öz öýünde otyrdy. Ýaşulular hem onuň bilen bile otyrdylar. Çapar gelip ýetmänkä, Elýaşa ýaşululara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu ganhoryň meniň kellämi almaga bir çapary şu ýere ýollanyndan habaryňyz barmy? Seredip duruň, şol çapar gelende, gapyny ýapyň-da, ony içeri girizmäň. Anha, onuň yzyndan jenabynyň aýak sesem-ä eşidilýär».