2 Patyşalar 7:17 - Mukaddes Kitap17 Patyşa özüne iň ýakyn bolan nökerini derwezäniň agzynda goýdy. Halk ony derwezäniň agzynda basalady we ol öldi. Patyşa Hudaýyň adamynyň ýanyna gelende, nöker Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ölüpdi. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап17 Патыша өзүне иң якын болан нөкерини дервезәниң агзында гойды. Халк оны дервезәниң агзында басалады ве ол өлди. Патыша Худайың адамының янына геленде, нөкер Худайың адамының айдышы ялы өлүпди. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Şeýdip, patyşa öz huzuryndan bir çapary Elýaşanyň ýanyna ýollady. Elýaşa öz öýünde otyrdy. Ýaşulular hem onuň bilen bile otyrdylar. Çapar gelip ýetmänkä, Elýaşa ýaşululara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu ganhoryň meniň kellämi almaga bir çapary şu ýere ýollanyndan habaryňyz barmy? Seredip duruň, şol çapar gelende, gapyny ýapyň-da, ony içeri girizmäň. Anha, onuň yzyndan jenabynyň aýak sesem-ä eşidilýär».