Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 7:1 - Mukaddes Kitap

1 Elýaşa şeýle jogap berdi: «Rebbiň sözüni eşit. Ol şeýle diýýär: „Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesiniň agzynda bir kersen saýlama un adaty baha, ýagny üç mysgala golaý kümşe, iki kersen arpa-da adaty baha, ýagny üç mysgala golaý kümşe satylar“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Эляша шейле җогап берди: «Реббиң сөзүни эшит. Ол шейле диййәр: „Эртир шу вагтлар Самарияның дервезесиниң агзында бир керсен сайлама ун адаты баха, ягны үч мысгала голай күмше, ики керсен арпа-да адаты баха, ягны үч мысгала голай күмше сатылар“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 7:1
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.


Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Rebbiň sözüni eşit: „Bir gün seniň köşgüňdäki zatlaryň hemmesi we atalaryňyň tä şu güne çenli ýygnan zatlarynyň bary Babyla äkidiler, ýekeje zat hem galdyrylmaz.


Bagalşalyşadan bir adam geldi. Ol Hudaýyň adamy üçin hasylynyň ilkinji ýetişen miwesinden oňa azyk getirdi. Ol Elýaşa öz haltasynda ýigrimi sany arpa çöregi bilen täze bugdaý sümmüllerini getirip berdi. Elýaşa: «Bulary halka ber, goý, adamlar iýsinler» diýdi.


Gabaw edilen Samariýada elhenç açlyk başlandy. Samariýa halky bir eşegiň kellesini segsen kümüş teňňä, bir şakäse kepderi derisini bolsa bäş kümüş teňňä satdy.


Elýaşa olar bilen gürleşip otyrka, patyşa onuň ýanyna gelip: «Men näme üçin mundan artyk Rebbe bil baglaýyn? Bu betbagtçylygy biziň başymyzdan inderen hut Rebbiň Özüdir!» diýdi.


Soň halk gidip, siriýalylaryň düşelgesini talady. Şeýdip, Rebbiň aýdyşy ýaly bir kersen saýlama un üç mysgala golaý kümşe, iki okara arpa-da üç mysgala golaý kümşe çalşyldy.


Reb saýlap-seçip, bize ýurt berdi, biz – Onuň söýýän halky. Sela


Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz.


«Men ysraýyllaryň nalyşyny eşitdim. Olara aýt: agşamyna et iýersiňiz, ertirine bolsa çörekden doýarsyňyz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz».


Men Öz halkymy seniň halkyňdan tapawutlandyraryn. Bu gudratly alamat ertir bolar’“».


Eý, Sodom baştutanlary, Rebbiň sözüni eşidiň! Eý, Gomora halky, Hudaýymyzyň kanunyna gulak goý!


Onsoň Ol maňa bu süňkler hakda pygamberlik edip, olara şulary aýt diýdi: «Eý, gury süňkler, Rebbiň sözüni eşidiň!


«Bu ýerde bir oglanda bäş arpa çöregi bilen iki balyk bar. Emma şeýle uly mähellä bular nämejik bolar?» diýdi.


Ýeşuwa halka ýüzlenip: «Iniňizi tämizläň, sebäbi ertir Reb siziň araňyzda gudrat görkezip başlar» diýdi.


Onsoň men dört mahlugyň arasyndan göýä bir sesiň: «Uzakly gün işläp gazanjak haky diňe bir käse bugdaý bilen üç käse arpa ýetsin! Emma zeýtun we üzüm agaçlaryny zaýalama!» diýenini eşitdim.


Olar Ýabeşden gelen çaparlara: «Ertir Gün asmana galyberende, halas boljakdyklaryny Gilgatdaky Ýabeşiň halkyna aýdyň» diýdiler. Çaparlar gelip, muny olara habar berenlerinde, ýabeşliler begendiler.


Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Reb Öz halky ysraýyla patyşa bellemek üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Indi sen Rebbiň sözüne gulak as.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ