Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 6:9 - Mukaddes Kitap

9 Emma Hudaýyň adamy Ysraýyl patyşasyna şol ýerden geçmän, ägä bolmagyny duýduryp habar ýollady, çünki siriýalylar şol ýerde bukuda otyrdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Эмма Худайың адамы Ысрайыл патышасына шол ерден гечмән, әгә болмагыны дуйдурып хабар ёллады, чүнки сириялылар шол ерде букуда отырдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 6:9
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt bir pygamber ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna baryp, Reb saňa şeýle diýýär: «Bu ägirt uly goşuny görýärsiňmi? Şu gün Men ony seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.


Hudaýyň adamy Ysraýylyň patyşasynyň ýanyna gelip, Reb şeýle diýýär: «Siriýalylaryň: „Reb baýyr hudaýydyr, düz hudaýy däldir“ diýendikleri üçin, Men bu ägirt uly goşuny seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.


Pygamberlerden bolan bir adamyň aýaly Elýaşa: «Guluň ärim öldi. Sen bilýärsiň, guluň Rebbi sylap, ondan gorkýardy. Algydarymyz iki çagamy özüne gul edinmek üçin alyp gitmäge gelipdir» diýip aglady.


Aýal dagdaky Hudaýyň adamynyň ýanyna baryp, onuň aýagyna ýapyşdy. Geýhazy ony aýyrjak bolup, oňa golaý geldi, ýöne Hudaýyň adamy oňa: «Aýala degme, çünki onuň kalby ajy hasratdan doludyr. Reb muny menden ýaşyrdy, maňa bu barada hiç zat aýtmady» diýdi.


Ol aýal Hudaýyň adamynyň ýanyna gelip, oňa bar bolan zady gürrüň berdi. Elýaşa: «Bar ýaglary sat-da, karzyňy üz, galany hem ogullaryň bilen güzeran aýlamagyňyza ýeter» diýdi.


Ysraýyl patyşasy Hudaýyň adamynyň duýduran ýerinde ýaşaýan adamlara habar ýollady we olar habardar boldular. Elýaşa şol ýer barada diňe birki gezek däl-de, birnäçe gezek duýduryş berdi.


Onsoň onuň nökerleriniň biri şeýle diýdi: «Hiç kim, jenap patyşam. Ysraýylda Elýaşa pygamber bar. Ol hatda seniň ýatýan otagyňda sözleýän her bir sözüňi-de Ysraýyl patyşasyna ýetirýär».


Siriýa patyşasy Ysraýylyň garşysyna uruşýarka öz nökerleri bilen geňeşip, olara düşelgesiniň nirede boljakdygyny aýtdy.


Hilegärleriň niýetlerini bozýar Ol, guran hilelerini puja çykarýar.


Rebden gorkuň, eý, Onuň mukaddesleri, Ondan gorkýanlaryň ýok mätäçligi.


Rebbiň gözleri bilimi goraýandyr, wepasyzyň sözlerini bolsa ýalana çykarýandyr.


Şol wagt Reb halkyň eden pisliklerini maňa görkezdi. Ol muny maňa äşgär etdi. Ýa Reb, olaryň eden işlerini maňa aýan etdiň.


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


Bu kitap Isa Mesihiň beren aýanlygydyr. Hudaý ýakyn wagtda bolmaly wakalary Öz bendelerine aýan etmek üçin, bu aýanlygy Isa Mesihe berdi. Isa Mesih hem ony Hudaýyň perişdesi arkaly Öz guly Ýohanna aýan etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ