Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 6:8 - Mukaddes Kitap

8 Siriýa patyşasy Ysraýylyň garşysyna uruşýarka öz nökerleri bilen geňeşip, olara düşelgesiniň nirede boljakdygyny aýtdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Сирия патышасы Ысрайылың гаршысына урушярка өз нөкерлери билен геңешип, олара дүшелгесиниң ниреде болҗакдыгыны айтды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 6:8
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siriýanyň patyşasy Benhadat özüniň bütin goşunyny toplady. Onuň ýanynda atlar, söweş arabalary bilen birlikde otuz iki sany han bardy. Ol Samariýa garşy ýöriş edip, onuň daşyny gabap, gala hüjüm etdi.


Siriýa patyşasynyň emeldarlary oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyllaryň hudaýlary baýyrlaryň hudaýlary bolansoň, olar bizden güýçli çykdylar. Eger olar bilen düzlükde uruşsak, biz hökman olardan güýçli çykarys.


Benhadat Ahaba: «Men kakamyň seniň kakaňdan alan galalaryny yzyna gaýtaryp bererin. Kakamyň Samariýada bazarlar gurşy ýaly, sen hem Damaskda özüňe bazarlar gur» diýdi. Ahap: «Eger sen şu beren wadaňa wepaly bolsaň, men seni boşadaryn» diýdi. Şeýdip, Ahap Benhadat bilen äht baglaşyp, ony boşatdy.


Üç ýyllap Siriýa bilen Ysraýylyň arasynda hiç hili uruş bolmady.


Siriýa patyşasy öz söweş arabalarynyň otuz iki serkerdesine: «Uly bilen-de, kiçi bilen-de uruşman, eýsem ýalňyz Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen uruş ediň» diýip tabşyrdy.


Biraz wagt geçenden soň, Siriýanyň patyşasy Benhadat ähli goşuny toplap, Samariýanyň garşysyna ýörişe çykyp, onuň daşyny gabady.


Elýaşa: «Al ony» diýdi. Ol adam elini uzadyp, paltany aldy.


Emma Hudaýyň adamy Ysraýyl patyşasyna şol ýerden geçmän, ägä bolmagyny duýduryp habar ýollady, çünki siriýalylar şol ýerde bukuda otyrdylar.


Maksatlar maslahat bilen berkarar bolýandyr; sagdyn maslahatlar bilen urşa git.


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ