Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 6:32 - Mukaddes Kitap

32 Şeýdip, patyşa öz huzuryndan bir çapary Elýaşanyň ýanyna ýollady. Elýaşa öz öýünde otyrdy. Ýaşulular hem onuň bilen bile otyrdylar. Çapar gelip ýetmänkä, Elýaşa ýaşululara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu ganhoryň meniň kellämi almaga bir çapary şu ýere ýollanyndan habaryňyz barmy? Seredip duruň, şol çapar gelende, gapyny ýapyň-da, ony içeri girizmäň. Anha, onuň yzyndan jenabynyň aýak sesem-ä eşidilýär».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Шейдип, патыша өз хузурындан бир чапары Эляшаның янына ёллады. Эляша өз өйүнде отырды. Яшулулар хем онуң билен биле отырдылар. Чапар гелип етмәнкә, Эляша яшулулара йүзленип, шейле дийди: «Бу ганхорың мениң келләми алмага бир чапары шу ере ёлланындан хабарыңыз бармы? Середип дуруң, шол чапар геленде, гапыны япың-да, оны ичери гиризмәң. Анха, онуң ызындан җенабының аяк сесем-ә эшидилйәр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 6:32
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma ol aýal gapydan girip gelýärkä, Ahyýa onuň aýak sesini eşidip: «Eý, Ýarobgamyň aýaly, içeri giriber. Sen näme üçin nätanyş aýal bolan bolýarsyň? Mende seniň üçin gaty erbet habar bar.


Onuň garşysynda hem iki sany deýýus adamy oturdyň we olar: „Sen Hudaýy, patyşany näletlediň“ diýip, ol barada güwälik etsinler. Onsoň Nabody galadan daşaryk çykaryň-da, daşlap öldüriň».


Iki sany deýýus gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Nabody galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler.


Sen oňa Reb şeýle diýýär diý: „Sen ilki Nabody öldürdiň, indi hem onuň üzümçiligini eýeleýäňmi? Itler Nabodyň ganyny ýalan ýerinde seniň hem ganyňy ýalarlar“».


Emma Elýaşa gaharlanyp: «Nagaman seni garşylamak üçin arabasyndan düşende, men ruhda seniň bilen dälmidim? Bu kümüş, egin-eşik, zeýtundyr üzüm baglary, goýunlar, öküzler we gullardyr gyrnaklar alynýan wagtymy näme?


Onsoň onuň nökerleriniň biri şeýle diýdi: «Hiç kim, jenap patyşam. Ysraýylda Elýaşa pygamber bar. Ol hatda seniň ýatýan otagyňda sözleýän her bir sözüňi-de Ysraýyl patyşasyna ýetirýär».


Patyşa özüne iň ýakyn bolan nökerini derwezäniň agzynda goýdy. Halk ony derwezäniň agzynda basalady we ol öldi. Patyşa Hudaýyň adamynyň ýanyna gelende, nöker Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ölüpdi.


Şol wagt Reb halkyň eden pisliklerini maňa görkezdi. Ol muny maňa äşgär etdi. Ýa Reb, olaryň eden işlerini maňa aýan etdiň.


Ýahuda patyşasy Sidkiýa ony tussag edip, şeýle diýdi: «Sen näme üçin beýle pygamberlik etdiň? Sen Reb şulary aýdýar diýdiň: „Men bu şäheri Babyl patyşasynyň eline bererin, ol ony basyp alar.


Ysraýyl ýaşulularyndan birnäçesi meniň alnyma gelip oturdy.


Sürgünde bolýan wagtymyzyň ýedinji ýylynyň bäşinji aýynyň onuna Ysraýyl ýaşulularyndan birnäçesi Rebden maslahat soramak üçin gelip, meniň garşymda oturdy.


Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.


Sürgünde bolýan wagtymyzyň altynjy ýylynyň altynjy aýynyň bäşine öýümde Ýahuda ýaşululary bilen otyrkam, Hökmürowan Reb elini meniň üstüme goýdy.


Isa olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, ol tilkä aýdyň, ine, Men bu gün we ertir arwah-jynlary kowup, şypa bererin, üçülenji güni işimi bitirerin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ