Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 6:18 - Mukaddes Kitap

18 Siriýalylar Elýaşanyň üstüne hüjüm edenlerinde, ol Rebbe dileg edip: «Bu halkyň gözlerini kör et» diýdi. Reb Elýaşanyň dileg edişi ýaly olaryň gözlerini kör etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Сириялылар Эляшаның үстүне хүҗүм эденлеринде, ол Реббе дилег эдип: «Бу халкың гөзлерини көр эт» дийди. Реб Эляшаның дилег эдиши ялы оларың гөзлерини көр этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 6:18
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar gapynyň agzynda duranlaryň uludan-kiçä ählisiniň gapyny tapyp bilmezleri ýaly gözlerini kör etdiler.


Elýaşa olara: «Gözleýän adamyňyzy bu ýerden tapyp bilmersiňiz, çünki siz ýalňyşlyk bilen şu ýere gelipsiňiz. Meniň yzyma düşüň, men sizi gözleýän adamyňyzyň ýanyna äkideýin» diýdi. Şeýdip, Elýaşa siriýalylary Samariýa getirdi.


Gündizleri garaňkylyga öwrülip, gündiziň günortany gije dek sermeşip gezýärler.


Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».


Şol gün Men atlaryň baryny guduzladaryn, üstündäkileri bolsa dälirederin. Beýleki halklaryň atlarynyň gözlerini kör ederin, emma Ýahuda neslini Öz nazarymda saklaryn. Muny Reb aýdýandyr.


«Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Goý, gözleri bilen görmesinler, gulaklary bilen eşitmesinler, aňlary bilen aňlamasynlar, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm çykarmaga geldim» diýdi.


Indi, seret, Rebbiň eli saňa garşydyr, sen kör bolarsyň, belli bir wagta çenli gün şöhlesini görmersiň» diýdi. Şol pursadyň özünde onuň gözüni duman örtüp, garaňkylyk gaplady. Ol özüni itdirjek bolup, töweregini sermeläp, adam gözläp başlady.


Indi näme? Ysraýyl halky dogrulyga ymtylsa-da, oňa ýetip bilmedi. Oňa diňe saýlanyp-seçilenler ýetdi, galanlary bolsa öz doň ýürekleriniň ygtyýaryna tabşyryldy.


Reb sizi dälireder, gözüňizi kör eder, akylyňyzdan azaşdyrar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ