Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 6:12 - Mukaddes Kitap

12 Onsoň onuň nökerleriniň biri şeýle diýdi: «Hiç kim, jenap patyşam. Ysraýylda Elýaşa pygamber bar. Ol hatda seniň ýatýan otagyňda sözleýän her bir sözüňi-de Ysraýyl patyşasyna ýetirýär».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Онсоң онуң нөкерлериниң бири шейле дийди: «Хич ким, җенап патышам. Ысрайылда Эляша пыгамбер бар. Ол хатда сениң ятян отагыңда сөзлейән хер бир сөзүңи-де Ысрайыл патышасына етирйәр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 6:12
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Elýaşa gaharlanyp: «Nagaman seni garşylamak üçin arabasyndan düşende, men ruhda seniň bilen dälmidim? Bu kümüş, egin-eşik, zeýtundyr üzüm baglary, goýunlar, öküzler we gullardyr gyrnaklar alynýan wagtymy näme?


Bir gün şol gyzjagaz bikesine: «Wah, meniň jenabym Samariýa şäherindäki pygamberiň ýanyna gitsedi! Ol Nagamanyň deri keselini bejererdi» diýdi.


Hudaýyň adamy Elýaşa Ysraýyl patyşasynyň ýakasyny ýyrtanyny eşidip, onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Sen näme ýakaňy ýyrtan bolýaň? Nagaman meniň ýanyma gelip, Ysraýylda bir pygamberiň bardygyny bilsin» diýdi.


Siriýa patyşasynyň muňa gaty gahary geldi. Ol öz nökerlerini çagyryp, olardan: «Hany, maňa aýdyň, biziňkilerden kim Ysraýyl patyşasy bilen aragatnaşyk saklaýar?» diýip sorady.


Patyşa: «Gidiň-de, ony tapyň. Men adam iberip, ony ele salaryn» diýdi. Patyşa: «Elýaşa Dotanda» diýip habar berildi.


Nil derýasy gurbaga sürüsinden dolup, olar seniň öýüňe, köşgüňe we ýatýan düşegiňe çenli gelerler. Gurbagalar seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň öýlerine dolar, olar hatda tamdyrlaryňyzyň içine we hamyr ýugrulýan jamyňyza çenli girerler.


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Patyşa hatda içiňden-de gargama, öz ýatýan otagyňda baýa gargama, çünki gökdäki guş habar äkider, ganatly guş sözüňi ýetirer.


Öz niýetlerini Rebden gizlemäge çalyşýanlaryň, dat gününe! Işleri garaňkylykda bolup, olar: «Bizi kim görýär? Bizi kim tanaýar» diýýärler.


Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.


Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi.


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ