Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 5:8 - Mukaddes Kitap

8 Hudaýyň adamy Elýaşa Ysraýyl patyşasynyň ýakasyny ýyrtanyny eşidip, onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Sen näme ýakaňy ýyrtan bolýaň? Nagaman meniň ýanyma gelip, Ysraýylda bir pygamberiň bardygyny bilsin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Худайың адамы Эляша Ысрайыл патышасының якасыны йыртаныны эшидип, онуң янына бир хабарчы ёллап: «Сен нәме якаңы йыртан боляң? Нагаман мениң яныма гелип, Ысрайылда бир пыгамбериң бардыгыны билсин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 5:8
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Ýowap bilen onuň ýanyndaky ähli halka: «Ýakaňyzy ýyrtyp, jul geýniň-de, Abneriň ýasyny tutuň» diýdi. Dawut patyşa onuň tabydynyň yzyndan ýöredi.


Emma Hudaýyň adamy Şemagýa Hudaýyň şu sözi aýan boldy:


Onsoň ol aýal Ylýasa: «Men indi seniň Hudaýyň adamydygyňy, Rebbiň sen arkaly aýdan sözüniň hakykatdygyny bilýärin» diýdi.


Olar şeýle jogap berdiler: «Öňümizden bir adam çykyp, bize Reb şeýle diýýär diýdi: „Sizi iberen patyşaňyzyň ýanyna baryň-da, oňa sen Ekron hudaýy Bagalzebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“ diýiň».


Onsoň Nagaman ýanyndakylar bilen bile Hudaýyň adamynyň ýanyna dolanyp bardy. Ol gelip, Elýaşanyň öňünde durup: «Men indi tutuş ýer ýüzünde Ysraýylyň Hudaýyndan başga hiç bir hudaýyň ýokdugyna göz ýetirdim. Haýyş edýärin, bu guluň peşgeşini kabul edäý» diýdi.


Bir gün şol gyzjagaz bikesine: «Wah, meniň jenabym Samariýa şäherindäki pygamberiň ýanyna gitsedi! Ol Nagamanyň deri keselini bejererdi» diýdi.


Ysraýyl patyşasy bu haty okap: «Jan alyp, jan berer ýaly men Hudaýmy? Näme üçin bu adam ýanyma adam ýollap, ony deri keselinden gutult diýýär? Ol meniň bilen dawalaşmaga bahana gözleýär» diýip, ýakasyny ýyrtyp gygyrdy.


Şeýdip, Nagaman atlary we söweş arabalary bilen gelip, Elýaşanyň öýüniň işiginde durdy.


Musa sözüni dowam edip, faraona: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.


Bu pitneçi halk seni islese diňlesin, islemese diňlemesin, ýöne olar öz aralarynda bir pygamberiň bardygyny bilsinler.


Reb pygamber arkaly Ysraýyly Müsürden alyp çykdy. Pygamber üsti bilen ony gorady.


Indi bolsa size, ýagny ýahudy dällere ýüzlenýärin. Hudaý meni resullyga belläp, size Hoş Habary wagyz etmäge iberdi. Men muňa diýseň buýsanýaryn.


Hyzmatkär oňa şeýle jogap berdi: «Ine, şu galada sylag-hormatly bir Hudaýyň adamy bar. Onuň aýdany hemişe dogry bolup çykýar. Ýör, şonuň ýanyna gideli. Belki, ol bize gitmeli ýolumyzy salgy berer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ