Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 5:7 - Mukaddes Kitap

7 Ysraýyl patyşasy bu haty okap: «Jan alyp, jan berer ýaly men Hudaýmy? Näme üçin bu adam ýanyma adam ýollap, ony deri keselinden gutult diýýär? Ol meniň bilen dawalaşmaga bahana gözleýär» diýip, ýakasyny ýyrtyp gygyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Ысрайыл патышасы бу хаты окап: «Җан алып, җан берер ялы мен Худаймы? Нәме үчин бу адам яныма адам ёллап, оны дери кеселинден гутулт диййәр? Ол мениң билен давалашмага бахана гөзлейәр» дийип, якасыны йыртып гыгырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 5:7
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakubyň muňa gahary gelip: «Hudaý seni çagadan mahrum edýär. Men Hudaýmy näme?!» diýdi.


Ruben guýa gaýdyp geldi we ol ýerden Ýusuby tapmansoň, ýakasyny ýyrtyp zarynlady.


Muny eşiden Dawut ýakasyny tutup, geýimlerini ýyrtdy, onuň ýanyndakylar hem şeýtdiler.


Onsoň ysraýyl patyşasy ýurduň ähli ýaşulularyny çagyryp, olara şeýle ýüzlendi: «Serediň! Bu adam pislik agtarýar! Ol çaparlar ýollap, meniň aýallarymy, ogullarymy, altyn-kümşümi talap etdi, men-de boýun gaçyrmadym».


Görse, ine, patyşa adata görä sütüniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy.


Şeýdip, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary dagy ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna gelip, oňa baş weziriň sözlerini aýdyp berdiler.


Nagaman haty Ysraýyl patyşasyna getirip berdi. Hatda şeýle diýlip ýazylandy: «Şu haty okap, meniň hyzmatkärim Nagamany seniň ýanyňa iberendigimi bilersiň. Sen ony deri keselinden bejer».


Ýöne bu sözleriň hemmesini eşiden patyşadyr onuň ähli hyzmatkärleri gorkmadylar, eginbaşlarynam ýyrtmadylar.


Patyşanyň soraýan bu işi juda agyr. Muny hudaýlardan başga hiç kim patyşa äşgär edip bilmez, olaryň bolsa mesgeni ynsanlar arasynda däldir».


«Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar.


Ýurdy synlamaga gidenleriň arasynda bolan Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep gynançdan ýaňa ýakalaryny ýyrtyp,


Şonda baş ruhany ýakasyny ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirdi, bize başga şaýatlyk nämä gerek? Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn.


Şeýdip, Isany sözünde tutjak bolup, amatly pursady peýleýärdiler.


Emma resullar Barnap bilen Pawlus muny eşidip, ýakalaryny ýyrtyp, halkyň ortasyna kürsäp girdiler. Olar batly ses bilen:


Dana bolsadylar, muňa düşünerdiler, soňunyň näme boljagyny öňünden aňardylar.


Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.


Öldürýänem Rebdir, direldýänem Rebdir. Ölüler dünýäsine inderýänem, çykarýanam Rebdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ