Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 5:27 - Mukaddes Kitap

27 Şonuň üçin hem Nagamanyň deri keseli senden we seniň nesliňden hiç haçan aýrylmasyn» diýdi. Şeýdip, Geýhazy gar ýaly duw-ak deri keseli bilen Elýaşanyň ýanyndan çykyp gaýtdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Шонуң үчин хем Нагаманың дери кесели сенден ве сениң неслиңден хич хачан айрылмасын» дийди. Шейдип, Гейхазы гар ялы дув-ак дери кесели билен Эляшаның янындан чыкып гайтды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 5:27
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günä, goý, Ýowabyň hem onuň nesliniň boýnuna düşsün. Ýowabyň nesliniň arasynda iriň ýygnaýan ýaraly, pis açan ýa-da goltugy pişekli, gylyçdan ölýän ýa-da nana zar adamlar, goý, hemişe bolsun dursun» diýdi.


Reb oňa ýokançly deri keseli bilen ezýet berdi. Ol tä ölýänçä ýokançly deri keselinden ejir çekip, aýratyn ýerde ýaşady. Patyşanyň ogly Ýotam ýurtdaky halka baştutanlyk edip, köşgi dolandyrdy.


Siriýa patyşasynyň Nagaman atly bir serkerdesi bardy. Ol jenabynyň öňünde iň abraýly hem-de iň uly hormata eýe bolan adamdy, çünki Reb Nagamanyň üsti bilen Siriýa ýeňiş beripdi. Bu batyr ýigit ýokançly deri keselinden ejir çekýärdi.


Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.


Reb Musa ýene-de: «Eliňi donuňyň içine sok» diýdi. Ol hem elini donunyň içine sokdy. Ol elini daşyna çykaranda, onuň eli ak gar ýaly pis açdy.


Siz etmiş ekip, adalatsyzlyk orduňyz. Ýalanyň miwesinden iýdiňiz. Çünki siz öz ýoluňyza hem söweşijileriň köplügine baýryndyňyz.


Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň derisinde ak pakgarma bolup, onuň üstündäki gyllar agaryp, açyk ýara dörän bolsa, bu ötüşen ýokançly deri keselidir. Ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ruhana kesellini aýry saklamak gerek däldir, çünki ol haramdyr.


Bulut çadyryň depesinden syrylanda, Merýem deri keseline uçrap, ak gar ýaly pis açdy. Harun Merýeme tarap seredip, onuň deri keseline uçrandygyny gördi.


Edil şol pursatda ol aýal Petrusyň aýagyna ýykylyp, jan berdi. Ýigitler içeri girenlerinde, onuň ölendigini gördüler. Ony äkitdiler-de, äriniň ýanynda jaýladylar.


Hanany bu sözleri eşiden badyna, ýere ýykylyp jan berdi. Bu wakany eşidenleriň baryny elhenç gorky gurşap aldy.


Emma Petrus oňa şeýle diýdi: «Puluň özüň bilen bile ýok bolsun! Sebäbi sen Hudaýyň peşgeşini satyn alaryn öýtdüň.


sebäbi pul höwesi ähli bela-beteriň körügidir. Käbir adamlar onuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, özlerini köp görgülere sezewar etdiler.


Ýeşuwa Akana: «Biziň başymyza nähili bela getiren bolsaň, indi Reb şol bela-beteri seniň öz başyňdan inderer» diýdi. Soňra ähli ysraýyllar ony maşgalasy bilen bile daşlap öldürdiler we olary oda ýakdylar.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ