Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 5:22 - Mukaddes Kitap

22 Geýhazy şeýle jogap berdi: «Eýgilikdir. Meniň jenabym: „Efraýym daglyk ýurdundan pygamberler toparyndan iki sanysy edil şu wagt meniň ýanyma geldi. Şolara gaýrat edip bir ýarym batman töweregi kümüş bilen iki laý eşik beräý“ diýip, meni seniň ýanyňa iberdi».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Гейхазы шейле җогап берди: «Эйгиликдир. Мениң җенабым: „Эфрайым даглык юрдундан пыгамберлер топарындан ики санысы эдил шу вагт мениң яныма гелди. Шолара гайрат эдип бир ярым батман төвереги күмүш билен ики лай эшик берәй“ дийип, мени сениң яныңа иберди».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 5:22
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň ol pygamber Hudaýyň adamyna şeýle diýdi: «Men hem seniň ýaly bir pygamberdirin. Rebbiň tabşyrygy boýunça bir perişde maňa: „Ol çörek iýip, suw içer ýaly ony yzyna öwür-de, özüň bilen bile öýüňe alyp gaýt“ diýdi». Ol Hudaýyň adamyny aldaýardy.


Pygamberler toparyndan bolan başga bir pygamber Rebbiň tabşyrygy boýunça öz ýoldaşyna: «Meni ur» diýdi. Ol pygamber ony urmakdan boýun gaçyrdy.


Ahap patyşa ýoldan geçip barýarka, pygamber ony çagyryp, şeýle diýdi: «Jenabym, men–guluň söweş meýdanynyň ortarasynda söweşip ýörkäm, bir esger meniň ýanyma öz ýesir alan duşmanyny getirip: „Şu adamy öz ýanyňda sakla. Eger ol gaçaýsa, sen ony öz janyň bilen ýa-da iki putdan gowrak kümüş bilen tölärsiň“ diýdi.


Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşany bir menzil ýerden görüp: «Ylýasyň ruhy Elýaşada» diýişdiler. Onsoň olar Elýaşanyň öňünden çykyp, oňa tagzym etdiler.


Beýteldäki pygamberler topary Elýaşanyň ýanyna gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip sorady. Elýaşa: «Hawa, men bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.


Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşa golaý gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip soradylar. Elýaşa: «Hawa, bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.


Elli adama barabar bolan pygamberler topary-da bular bilen bile gidip, uzagrakda olaryň garşysynda durdular. Ylýas bilen Elýaşa hem Iordanyň kenar ýakasynda durdular.


Sen tiz ylgap, aýalyň öňünden çyk-da, ondan: „Sag-salamatmysyň, adamyň sag-salamatmy? Çagaň sag-salamatmy?“ diýip sora» diýdi. Aýal hem: «Sag-salamatlykdyr» diýip jogap berdi.


Şeýdip, Geýhazy Nagamanyň yzyndan gitdi. Nagaman kimdir biriniň yzyndan ylgap gelýänini görüp, ony garşylamak üçin arabadan böküp düşdi-de: «Eýgilikmidir?» diýip sorady.


Geýhazy jenabynyň ýanyna baryp, onuň öňünde durdy. Elýaşa ondan: «Geýhazy, sen nirede bolduň?» diýip sorady. Geýhazy hem: «Guluň hiç ýere-de gitmedi» diýip jogap berdi.


Siriýa patyşasy oňa: «Bar, git, men Ysraýyl patyşasyna seniň bilen hat hem ýollaýyn» diýdi. Nagaman on ýedi batman kümüş, alty müň altyn teňňe hem-de on laý egin-eşik alyp, Ysraýyl patyşasynyň ýanyna gitdi.


Siziň elleriňiz gan bilen, barmaklaryňyz etmişler bilen haramlandy; dilleriňiz ýalan sözleýär, pis sözler çykýar agzyňyzdan.


«Ýalan üçin dillerini ýaý kimin egreldýärler. Ýurtda olaryň güýji nädogrulyk bilen güýçlenýär, çünki pislik üstüne pislik edýärler, Meni asla tanamaýarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Her kim öz dostuny aldaýar, hiç kim hakykaty sözlemeýär. Dillerine ýalan sözlemegi öwretdiler, şer işler edip, toba etmegi bilmediler.


Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.


Harunyň ogly Elgazar hem öldi, ony Efraýym daglygynda, öz ogly Pinehasyň Gibga galasynda jaýladylar.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Şimşon olara: «Men size bir matal aýtjak; eger siz ony maňa toýuň ýedi gününiň dowamynda dogry çözüp berseňiz, onda men size otuz sany nepis don hem-de otuz laý köýnek bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ