Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 5:20 - Mukaddes Kitap

20 Hudaýyň adamy Elýaşanyň hyzmatkäri Geýhazy: «Meniň jenabym bu siriýaly Nagamana rehim edip, onuň özüne getiren peşgeşini kabul etmedi. Rebden ant içýärin, men onuň yzyndan ylgap gidip, ondan bir zatlar alaýyn» diýen pikire geldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Худайың адамы Эляшаның хызматкәри Гейхазы: «Мениң җенабым бу сириялы Нагамана рехим эдип, онуң өзүне гетирен пешгешини кабул этмеди. Ребден ант ичйәрин, мен онуң ызындан ылгап гидип, ондан бир затлар алайын» диен пикире гелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 5:20
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».


Onsoň Hudaýyň adamynyň oňa gahary gelip: «Sen bäş ýa-da alty gezek urmalydyň, şonda siriýalylary soňuna çenli gyrardyň. Indi sen Siriýany diňe üç gezek ýeňersiň» diýdi.


Elýaşa hyzmatkäri Geýhaza ýüzlenip: «Şunemli aýaly çagyr» diýdi. Hyzmatkäri ony çagyrdy. Bu aýal gelip, hyzmatkäriň öňünde durdy.


Şeýdip, aýal Karmel dagyna, Hudaýyň adamynyň ýanyna geldi. Hudaýyň adamy aýaly bir menzilden görüp, hyzmatkäri Geýhaza: «Seret, şunemli aýal gelýär!


Geýhazy olardan öňinçä baryp, hasany çaganyň ýüzüne goýdy, ýöne çaga demsiz-düýtsüz ýatyrdy. Geýhazy Elýaşanyň öňünden çykmaga gitdi. Ol oňa: «Çaga entek hem oýa däl» diýip habar berdi.


Elýaşa Geýhazyny çagyryp: «Şunemli aýaly çagyr» diýdi. Geýhazy ony çagyrdy. Aýal Elýaşanyň ýanyna geldi. Elýaşa oňa: «Ogluňy al» diýdi.


Elýaşa: «Huzurynda hyzmat edýän Rebbimden ant içýärin, men hiç zat aljak däl» diýdi. Nagaman Elýaşa peşgeşi al diýip näçe ýalbarsa-da, ol almakdan boýun gaçyrdy.


Şeýdip, Geýhazy Nagamanyň yzyndan gitdi. Nagaman kimdir biriniň yzyndan ylgap gelýänini görüp, ony garşylamak üçin arabadan böküp düşdi-de: «Eýgilikmidir?» diýip sorady.


Patyşa ant içip: «Eger men şu gün Şapadyň ogly Elýaşanyň kellesini almasam, goý, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin» diýdi.


Şol wagt patyşa Hudaýyň adamynyň hyzmatkäri Geýhazy bilen gepleşip otyrdy. Patyşa Geýhaza ýüzlenip: «Hany, onda maňa Elýaşanyň görkezen beýik gudratlary hakda aýdyp ber» diýdi.


Elýaşa Damaska geldi. Şol wagt Siriýa patyşasy Benhadat hassady. Patyşa: «Hudaýyň adamy şu ýere gelipdir» diýip habar berdiler.


Eger binýatlar edilse weýran, näme edip biler ol dogry ynsan?»


Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme».


Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz.


Ýalta öz gözüne sagdyn pikirli jogap berýän ýedi kişiden-de akyllydyr.


Eý, Ýakubyň nesli, gulak goý! Ysraýylyň ady bilen atlandyrylan, Ýahudanyň bilinden önen, siz, Rebden ant içýärsiňiz, ýatlaýarsyňyz Ysraýyl Hudaýyny, emma çyn ýürekden, dogrulyk bilen etmeýärsiňiz bulary.


Emma seniň gözüň we ýüregiň haram gazanja, bigünä gan dökmäge, zulum hem zorluk etmäge dikilipdir.


Öýüni haram gazanç bilen doldurýanyň, betbagtlyk penjesinden gaçmak üçin, öýüni belentlikde gurýanyň dat gününe!


Bu ýagy köp pula satyp, garyplara paýlap bolardy ahyryn» diýişdiler.


Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi.


Hojaýyny bu hilegär iş dolandyryjyny ugurtapyjylygy üçin taryplady. Bu dünýäniň adamlary öz nesliniň arasynda hereket etmekde nurdaky ynsanlardan parasatlydyr.


Agşamlyk nahar wagtydy. Iblis eýýäm Simunyň ogly Ýudas Iskariýodyň kalbyna Isa haýynlyk etmek niýetini salypdy.


Isa olara: «Siz Onkileri Özüm saýlap almadymmy? Muňa garamazdan, araňyzdan biri iblisdir» diýip jogap berdi.


Ol aýaly bilen dilleşip, mülküň pulundan bir paý özüne alyp galdy. Hanany puluň galanyny getirip, resullara berdi.


sebäbi Dema bu dünýäni söýensoň, meni taşlap, Salonikä gitdi. Kriskis Galatýa, Titus hem Dalmatýa gitdi.


Ýygnagyň ýolbaşçysy Hudaýa hyzmat edýär. Şoňa görä-de, ol müýnsüz bolmalydyr. Ol özdiýenli, gyzma, şeraba meýilli, uruşgan bolmaly däl, gara nebsine çapman,


çopanlaryň öz sürüsine seredişi ýaly, siz hem Hudaýyň özüňize ynananlary barada alada ediň. Muny mejbury däl-de, meýletinlik bilen ediň. Olara betnebislik bilen däl-de, uly höwes bilen gözegçilik ediň.


Ysraýyly halas edýän Rebden ant içýärin, öz oglum Ýonatan günäkär bolsa-da, ol ölmelidir». Emma tutuş halkyň içinden hiç kim oňa jogap bermedi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ