Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 5:14 - Mukaddes Kitap

14 Şeýdip, Nagaman gidip, Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ýedi gezek Iordan derýasyna çümüp çykdy. Şondan soň onuň teni ýaş oglanyň teni ýaly bolup, ol keselinden saplandy we tämiz boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Шейдип, Нагаман гидип, Худайың адамының айдышы ялы еди гезек Иордан дерясына чүмүп чыкды. Шондан соң онуң тени яш огланың тени ялы болуп, ол кеселинден сапланды ве тәмиз болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 5:14
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Rebbiň Ylýas arkaly aýdan sözi berjaý bolup, haltadaky un tükenmedi, golçadaky ýag egsilmedi.


Elýaşa ýerinden turup, otagda eýläk-beýläk gezmeledi. Onsoň ol ýene-de düşege geçip, ýatan çaganyň üstüne ýazylyp ýatdy. Çaga ýedi gezek asgyryp, gözlerini açdy.


Elýaşa onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Git-de, Iordan derýasynyň suwuna ýedi gezek ýuwun, şonda sen keseliňden saplanyp tämizlenersiň» diýdi.


Olar ertesi irden turup, Tekowa çölüne tarap gitdiler. Olar ýola rowana bolanlarynda, Ýehoşapat durup, şeýle diýdi: «Eý, ýahuda we Iýerusalim ilaty, maňa gulak asyň! Hudaýyňyz Rebbe ynanyň, şonda berk durarsyňyz. Rebbiň pygamberlerine ynanyň, şonda işiňiz şowuna bolar».


Gulum ýa-da gyrnagym maňa arz-şikaýat edende, men olara adalatsyzlyk eden bolsam,


goý, onuň teni çaganyňky kimin täzelensin, ol ýaşlyk döwrüne dolanyp barsyn.


Soňra Hudaý oňa: «Eliňi yzyna donuňyň içine sal» diýdi. Musa elini ýene-de donunyň içine salyp, täzeden çykaranda, bedenindäki beýleki agzalar ýaly bolup, onuň eli öňki kaddyna geldi.


Akyldara öwretseň, akyldarlygy artar, dogruçyla öwretseň, bilimi artar.


Emma eşik, eriş, argaç ýa-da deriden edilen islendik zat ýuwlandan soň zeň aýrylan bolsa, onda ol ikilenç ýuwulsyn, şondan soň ol tämiz bolar.


Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.


Şol gün Iýerusalimde suw joşar. Suwuň ýarysy gündogardaky deňze, ýarysy günbatardaky deňze akar. Bu gyşyna-da, tomsuna-da şeýle dowam eder.


Şeýle hem, Elýaşa pygamberiň döwründe Ysraýylda deri keselli köp adamlar bardy. Emma Elýaşa diňe siriýaly keseki Nagamanyň ýanyna iberildi we ondan başga hiç kim tämiz bolmady».


Isa hem elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Deri keseli ol adamdan şobada aýryldy.


Ejesi hyzmatkärlere: «Ol size näme diýse, şony hem ediň» diýdi.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Batly çalnan surnaýlaryň seslerini eşiden badyňyza, ähliňiz gaty sesiňiz bilen gygyryň, şonda galanyň diwarlary ýykylar. Şol wagt ähli adamlar galanyň içine kürsäp girsinler».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ