Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 5:13 - Mukaddes Kitap

13 Emma Nagamanyň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: «Eý, atamyz, eger pygamber saňa bir kyn iş buýran bolsa, sen ony etmezmidiň? Onuň saňa bar aýdan zady: „Ýuwun-da, tämiz bol“. Bu dagy nämejik?!» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Эмма Нагаманың хызматкәрлери онуң янына гелип: «Эй, атамыз, эгер пыгамбер саңа бир кын иш буйран болса, сен оны этмезмидиң? Онуң саңа бар айдан зады: „Ювун-да, тәмиз бол“. Бу дагы нәмеҗик?!» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 5:13
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra faraon Ýusuby özüniň weziriniň at arabasyna mündürtdi; Ýusubyň öňünden: «Tagzym ediň!» diýip jar çekdirdiler. Şeýdip, patyşa Ýusuby tutuş Müsür ýurduna hökümdar edip belledi.


Siriýa patyşasynyň emeldarlary oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyllaryň hudaýlary baýyrlaryň hudaýlary bolansoň, olar bizden güýçli çykdylar. Eger olar bilen düzlükde uruşsak, biz hökman olardan güýçli çykarys.


Benhadadyň emeldarlary oňa: «Ysraýylyň patyşalary, rehimli patyşalar diýip eşitdik. Geliň, jul geýnip, boýnumyza ýüp salyp, özümiziň boýun egýändigimizi görkezmek üçin ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna gideliň, belki-de, ol seni diri galdyrar» diýdiler.


Elýaşa agyr keselläp ýatyrdy. Onuň ölmeli pursady golaýlanda, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Elýaşanyň halyny soramaga geldi. Ol: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen söweş arabaly esgerleri!» diýip, sesli aglady.


Elýaşa Ylýas pygambere seredip: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen söweş arabaly esgerleri!» diýip, bar sesi bilen gygyrýar. Şondan soň Elýaşa Ylýas pygamberi hiç haçan görmedi. Elýaşa öz eşiklerini ýyrtyp, ikä böldi.


Elýaşa onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Git-de, Iordan derýasynyň suwuna ýedi gezek ýuwun, şonda sen keseliňden saplanyp tämizlenersiň» diýdi.


Bir gün şol gyzjagaz bikesine: «Wah, meniň jenabym Samariýa şäherindäki pygamberiň ýanyna gitsedi! Ol Nagamanyň deri keselini bejererdi» diýdi.


Ysraýyl patyşasy siriýalylary görüp, Elýaşadan: «Jenabym, bulary gyryp ýok edeýinmi? Bulary öldüreýinmi?» diýip sorady.


Şeýdip, Hazaýyl özi bilen Damaskyň dürli-dümen harytlaryndan kyrk düýe ýüki sowgatlar alyp, Hudaýyň adamyny garşylamaga gitdi. Ol baryp, Elýaşanyň öňünde durup: «Siriýa patyşasy guluň Benhadat: „Men bu hassalykdan sagalarmykam?“ diýip soramak üçin meni seniň ýanyňa iberdi» diýdi.


Emma Hudaý seni baky heläklär, seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar, ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela


Ýuwnuň, tämizleniň, pis işleriňizi terk ediň gözümiň alnyndan, ýamanlyk etmegi bes ediň.


Eý, Meniň adymy kemsidýän ruhanylar, Hökmürowan Reb size şeýle diýýär: «Ogul atasyny, gul hojaýynyny sylaýar. Eger Men ata bolsam, hany Maňa sylag-hormatyňyz? Eger Men hojaýyn bolsam, hany siziň Menden gorkyňyz? Gaýtam siz: „Biz nädip Seniň adyňy kemsitdik?“ diýýärsiňiz.


Ýer ýüzünde hiç kime „ata“ diýmäň, sebäbi siziň bir Ataňyz bardyr, Ol hem gökdedir.


Petrus Oňa: «Ýok, men Saňa aýagymy asla ýuwdurmaryn!» diýdi. Emma Isa oňa: «Eger ýuwmasam, onda Meniň bilen şärikligiň bolmaz» diýip jogap berdi.


Soňra oňa: «Git-de, Siloýam howzunda ýuwun» diýdi. (Siloýam «Iberilen» diýmekdir.) Ol gidip ýuwundy we yzyna gözleri açylyp geldi.


Indi nämä garaşýarsyň? Tur, Rebbi çagyryp, suwa çümdüril, günäleriňden saplan“ diýdi.


Hudaý dünýä öz akylyna daýanyp, Oňa akyl ýetirip bilmez diýen karar geldi. Şoňa görä-de, akmak saýylýan habarymyz arkaly Hudaý iman edýänleri halas etmegi ýüregine düwdi.


Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady.


Mesihiň ýolunda siziň müňlerçe terbiýeçiňiz bolsa-da, atalaryňyz azdyr. Men Hoş Habar arkaly siziň Isa Mesihdäki ataňyz boldum.


biz dogrulyga daýanyp eden işlerimiz arkaly däl-de, Onuň rehim-şepagaty arkaly halas edildik. Hudaý bizi Mukaddes Ruh arkaly özgerdip, gaýtadan dogluş arkaly tämizledi.


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.


Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.


Şu gün gowagyň içinde Rebbiň özüňi meniň elime berendigini öz gözleriň bilen gördüň. Seni öldürmegi talap edenlerinde-de, men saňa rehim etdim. Men olara: „Öz jenabyma el galdyrmaryn, çünki ol Rebbiň Öz seçip-saýlanydyr“ diýdim.


«Ýok, iýjek däl» diýip, Şawul muny ret etdi. Onuň hyzmatkärleri we ýaňky aýal ony yrmaga çalyşdylar. Ol razylaşdy. Ol ýerinden turdy we düşegiň üstünde oturdy.


Şawul hyzmatkäre: «Gowy pikir, bolýar, ýör gideli» diýdi. Şeýdip, olar Hudaýyň adamynyň ýaşaýan galasyna gitdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ