Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 5:10 - Mukaddes Kitap

10 Elýaşa onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Git-de, Iordan derýasynyň suwuna ýedi gezek ýuwun, şonda sen keseliňden saplanyp tämizlenersiň» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эляша онуң янына бир хабарчы ёллап: «Гит-де, Иордан дерясының сувуна еди гезек ювун, шонда сен кеселиңден сапланып тәмизленерсиң» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 5:10
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elýaşa suw çeşmesiniň başyna bardy-da, duzy onuň içine oklap: «Reb şeýle diýýär: „Men bu suwy tämizleýärin. Mundan beýläk ölüm-de, hasylsyzlyk-da bolmaz“» diýdi.


Elýaşa şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Şu gury jar hendeklerden dolar.


Elýaşa ýerinden turup, otagda eýläk-beýläk gezmeledi. Onsoň ol ýene-de düşege geçip, ýatan çaganyň üstüne ýazylyp ýatdy. Çaga ýedi gezek asgyryp, gözlerini açdy.


Elýaşa: «Maňa un getirip beriň» diýdi. Onsoň ol uny gazana atyp: «Adamlara çorba guýup ber, goý, olar iýsinler» diýdi. Şondan soň gazandaky çorbanyň zäheri aýryldy.


Emma Nagamanyň muňa gahary gelip, şeýle diýdi: «Ol meniň üçin hökman daşary çykyp, ýanymda durup, öz Hudaýy Rebbe dileg edip, elini ýokançly deri keselli ýeriň üstüne goýup, ony bejerer öýtdüm.


Şeýdip, Nagaman gidip, Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ýedi gezek Iordan derýasyna çümüp çykdy. Şondan soň onuň teni ýaş oglanyň teni ýaly bolup, ol keselinden saplandy we tämiz boldy.


Şeýdip, Nagaman atlary we söweş arabalary bilen gelip, Elýaşanyň öýüniň işiginde durdy.


Musa gaýynatasy Ýitronyň ýanyna gelip, oňa: «Maňa yzyma, Müsüre öz dogan-garyndaşlarymyň ýanyna gitmäge ygtyýar ber. Olar dirimikä, gidip göreýin» diýdi. Ýitro Musa: «Sag-aman gidip gel» diýdi.


Emma eşik, eriş, argaç ýa-da deriden edilen islendik zat ýuwlandan soň zeň aýrylan bolsa, onda ol ikilenç ýuwulsyn, şondan soň ol tämiz bolar.


Onsoň çep elindäki ýaga sag eliniň barmagyny batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin.


Onsoň kedr agajynyň bölegini, käkiligi, goýy gyzyl reňkli ýüpi diri guş bilen bilelikde alyp, olary çeşme suwly toýun gabynyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn-da, gany ýedi gezek öýüň içine sepelesin.


Onsoň ruhany deri keselinden tämizlenmeli adamyň üstüne gandan ýedi gezek sepeläp, ony tämiz diýip yglan etsin. Soňra ol guşy açyk meýdana uçuryp goýbersin.


Soňra ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony barmagy bilen Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we Äht sandygynyň öňüne ýedi gezek sepelesin.


Ol barmaklary bilen ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne gan sepeläp, ony ysraýyl halkynyň haramlyklaryndan tämizläp, mukaddes etsin.


Tämiz adam haram kişileriň üstüne suwy üçünji we ýedinji günler sepelesin. Ýedinji gün olar tämizlenerler. Soňra olar geýimlerini ýuwsunlar we suwa düşsünler, agşama çenli olar tämizlenerler.


Ruhany Elgazar onuň ganyna barmagyny batyryp, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne tarap ýedi gezek sepelesin.


Soňra oňa: «Git-de, Siloýam howzunda ýuwun» diýdi. (Siloýam «Iberilen» diýmekdir.) Ol gidip ýuwundy we yzyna gözleri açylyp geldi.


Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz.


Batly çalnan surnaýlaryň seslerini eşiden badyňyza, ähliňiz gaty sesiňiz bilen gygyryň, şonda galanyň diwarlary ýykylar. Şol wagt ähli adamlar galanyň içine kürsäp girsinler».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ