Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 5:1 - Mukaddes Kitap

1 Siriýa patyşasynyň Nagaman atly bir serkerdesi bardy. Ol jenabynyň öňünde iň abraýly hem-de iň uly hormata eýe bolan adamdy, çünki Reb Nagamanyň üsti bilen Siriýa ýeňiş beripdi. Bu batyr ýigit ýokançly deri keselinden ejir çekýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Сирия патышасының Нагаман атлы бир серкердеси барды. Ол җенабының өңүнде иң абрайлы хем-де иң улы хормата эе болан адамды, чүнки Реб Нагаманың үсти билен Сирия еңиш берипди. Бу батыр йигит ёканчлы дери кеселинден эҗир чекйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 5:1
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günä, goý, Ýowabyň hem onuň nesliniň boýnuna düşsün. Ýowabyň nesliniň arasynda iriň ýygnaýan ýaraly, pis açan ýa-da goltugy pişekli, gylyçdan ölýän ýa-da nana zar adamlar, goý, hemişe bolsun dursun» diýdi.


Günleriň birinde Elýaşa Şunemiň üstünden geçip barýardy. Ol ýerde bir gurply aýal onuň çörege gelmegini haýyş etdi. Şeýdip, Elýaşa her sapar şol ýerden geçende, şol aýalyň öýüne çörege barardy.


Siriýalylar Ysraýyla çozuşlarynyň birinde bir ysraýylly gyzjagazy ýesir alypdylar. Bu gyzjagaz Nagamanyň aýalynyň hyzmatyna berlendi.


Şonuň üçin hem Nagamanyň deri keseli senden we seniň nesliňden hiç haçan aýrylmasyn» diýdi. Şeýdip, Geýhazy gar ýaly duw-ak deri keseli bilen Elýaşanyň ýanyndan çykyp gaýtdy.


Samariýa galasynyň derwezesiniň daşynda dört sany ýokanç deri keselli adam bardy. Olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Näme üçin biz ölýänçäk, şu ýerde oturmaly?


Çünki Mordekaý ýahudy wezipesine görä, Kserks patyşadan soň ikinji beýik adamdy. Onuň ýahudylaryň arasyndaky abraýy uludy we ol öz ýahudy doganlarynyň köpüsi tarapyndan sylanylýardy, çünki ol öz halkynyň abadançylygy ugrunda göreşip, tutuş halkyna parahatçylyk getiren adamdy.


Mordekaýyň köşkdäki mertebesi, at-abraýy günsaýyn artyp, şöhraty ähli welaýatlara doldy.


Reb müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Mundan başga-da, Müsür topragynda, faraonyň emeldarlarynyň we halkynyň öňünde Musa beýik adam bolupdy.


At söweş güni üçin seýislenýändir, emma ýeňiş Rebdendir.


Şeýle hem, Elýaşa pygamberiň döwründe Ysraýylda deri keselli köp adamlar bardy. Emma Elýaşa diňe siriýaly keseki Nagamanyň ýanyna iberildi we ondan başga hiç kim tämiz bolmady».


Isa oňa: «Eger saňa ýokardan berilmedik bolsady, Meniň üstümden hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem, Meni tutup, seniň eliňe bereniň günäsi has-da agyrdyr» diýip jogap berdi.


Hawa, muny batyrgaýlyk bilen diýýärin, sebäbi başga milletleriň Hudaýa tabyn bolmagy üçin, Isa Mesihiň özüm arkaly eden işleri barada aýdýandyryn. Ol muny sözde we işde,


Özüme şeýle beýik ylhamlaryň berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi.


Muňa garamazdan, Hudaýymyz Rebbiň bize tabşyryşy ýaly, Ýabok derýasynyň boýunda we daglykdaky galalarda ýaşaýan ammonlaryň ýerine çozup girmedik».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ