Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 4:9 - Mukaddes Kitap

9 Ol aýal adamsyna şeýle diýdi: «Hemişe ýanymyzdan geçýän bu adamyň Hudaýyň mukaddes adamydygyna göz ýetirdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Ол аял адамсына шейле дийди: «Хемише янымыздан гечйән бу адамың Худайың мукаддес адамыдыгына гөз етирдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 4:9
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýarobgam gurbanlyk sypasynyň ýanynda ýakymly ysly tütetgi ýakjak bolup durka, Rebbiň tabşyrygy boýunça Hudaýyň adamy Ýahudadan Beýtele geldi.


Onsoň ol aýal Ylýasa: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýdi.


Onsoň ol aýal Ylýasa: «Men indi seniň Hudaýyň adamydygyňy, Rebbiň sen arkaly aýdan sözüniň hakykatdygyny bilýärin» diýdi.


Ol aýal Hudaýyň adamynyň ýanyna gelip, oňa bar bolan zady gürrüň berdi. Elýaşa: «Bar ýaglary sat-da, karzyňy üz, galany hem ogullaryň bilen güzeran aýlamagyňyza ýeter» diýdi.


Emma Hudaýyň bir adamy gelip, Amazýa şeýle diýdi: «Eý, patyşa! Ysraýyl goşuny seniň bilen gitmesin. Reb ysraýyl halky, ýagny ähli efraýymlar bilen däldir.


Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.


Hudaýyň adamy Musanyň ölmezinden öň, ysraýyllara beren patasy, ine, şudur.


Siz imanlylar babatda biziň ahlak taýdan päk, dogruçyl we hiç bir aýypsyz bolandygymyza özüňiz şaýatsyňyz. Muňa Hudaý-da şaýatdyr.


Emma sen, eý, Hudaýyň adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulyk, takwalyk, iman, söýgi, sabyr-takatlyk we ýumşaklyk ýörelgelerine eýer.


eýsem myhmansöýer, ýagşylyk etmäge höwesjeň, parasatly, adalatly, takwa, nebsine buýrup bilýän bolmalydyr.


Edil şunuň ýaly, eý, aýallar, siz hem öz äriňize tabyn boluň. Eger äriňiz Hudaýyň sözüne ynanmaýan bolsa, ol aýalynyň ar-namysly, Hudaýdan gorkup ýaşaýan päk durmuşyny görüp, hiç bir aýdyp-diýmezden imana geler.


Sebäbi hiç bir pygamber ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar.


Mukaddes pygamberleriň gadymyýetde aýdan habaryny we Rebbimiz Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmakçy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ