Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 4:39 - Mukaddes Kitap

39 Pygamberleriň biri ot ýygmak üçin çöle gitdi. Ol ýabany üzüm agajyny tapdy. Ol şol agajyň miwesinden donuny dolduryp ýygdy. Ol ýabany miweleriň nämedigini bilmese-de, olary dograp, gazandaky çorbanyň içine atdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Пыгамберлериң бири от йыгмак үчин чөле гитди. Ол ябаны үзүм агаҗыны тапды. Ол шол агаҗың мивесинден донуны долдурып йыгды. Ол ябаны мивелериң нәмедигини билмесе-де, олары дограп, газандакы чорбаның ичине атды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 4:39
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günleriň bir güni Ýakup merjimek çorbasyny bişirip ýörkä, Ysaw gaty ýadaw hem aç halda meýdandan geldi.


Öýüň içi kedr tagtasyndan kesilip, kädä hem-de açylyp oturan güllere çalym edýän nagyşlar bilen haşamlanandy. Diwardaky daşlar görünmez ýaly, diwar tutuşlygyna kedr tagtasy bilen örtülendi.


Elýaşa Gilgala dolanyp baranda, ýurtda açlyk höküm sürýärdi. Pygamberler topary onuň öňünde otyrdy. Elýaşa hyzmatkärine ýüzlenip: «Uly gazany atar-da, pygamberlere çorba bişirip ber» diýdi.


Çorbadan adamlara guýup berdiler. Adamlar çorbany dadyp görüp: «Eý, Hudaýyň adamy, gazandaky çorbadan iýsek öleris» diýip gygyryşdylar. Adamlar ony iýip bilmediler.


Bilimsiz gaýrat ýagşy däldir, Aşa howlugýan ýoluny ýitirýär.


Üzümçiligim üçin ýene näme edeýin Men? Edilmän galdyrylan iş barmy? Hasylyna garaşanymda, näme üçin ýabany üzüm berdi?


Ekipdim seni iň oňat tohumdan saýlama üzüm agajy hökmünde. Eýsem nädip sen azyp, öwrüldiň ýabany üzüm agajyna?


Ol: «Gökdäki Atamyň ekmedik her bir ösümligi köki bilen sogrular.


Hüşgär boluň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmasyn. Bir ajy kök gögerip, size ezýet bermesin, köp adamlar munuň bilen zäherlenmesin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ