Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 4:31 - Mukaddes Kitap

31 Geýhazy olardan öňinçä baryp, hasany çaganyň ýüzüne goýdy, ýöne çaga demsiz-düýtsüz ýatyrdy. Geýhazy Elýaşanyň öňünden çykmaga gitdi. Ol oňa: «Çaga entek hem oýa däl» diýip habar berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Гейхазы олардан өңинчә барып, хасаны чаганың йүзүне гойды, йөне чага демсиз-дүйтсүз ятырды. Гейхазы Эляшаның өңүнден чыкмага гитди. Ол оңа: «Чага энтек хем оя дәл» дийип хабар берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 4:31
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam etdiler, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Wagt öýleden agyp, agşam gurbanlygy hödürlenmeli wagta çenli, olar uly goh-galmagal bilen tans edip, pygamberlik eden boldular, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Elýaşa öýe girende, düşeginde ýatan öli çagany gördi.


Hudaýyň adamy Elýaşanyň hyzmatkäri Geýhazy: «Meniň jenabym bu siriýaly Nagamana rehim edip, onuň özüne getiren peşgeşini kabul etmedi. Rebden ant içýärin, men onuň yzyndan ylgap gidip, ondan bir zatlar alaýyn» diýen pikire geldi.


Elýaşa ogluny direlden aýala şeýle diýipdi: «Tur-da, öý-içeriň bilen gidip, ýaşap biljek ýeriňde mesgen tut, çünki Reb bu ýurduň başyna ýedi ýyllyk açlyk getirjek».


ynsan hem ýatýar-da, gaýdyp turmaýar, gökler ýok bolýança, adamlar oýanmazlar, ukularyndan turuzylmaz.


«Eý, ynsan ogly! Bu adamlaryň ýüregi butlara baglandy. Günä edip, büdreme daşyny öz öňlerinde goýdular. Heý, şundan soň hem Men bulara Özüme maslahat saldyrarynmy?


Topragyň astynda ýatanlaryň köpüsi oýanar: olaryň kimsi ebedi ýaşaýşa gowşar, kimsi ebedi utanja we ýigrenje duçar bolar.


Içeri girip, olara: «Näme üçin dady-perýat edip, aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölenok, ol diňe uklap ýatyr» diýdi.


Soňra Isa olara ýene-de: «Dostumyz Lazar uklap ýatyr. Men şony oýarmak üçin gidýärin» diýdi.


Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».


«Piliştlileriň yzyndan kowaýynmy? Olary Sen Ysraýylyň eline berersiňmi?» diýip, Şawul Hudaýa ýüzlendi. Emma Hudaý ol gün oňa jogap bermedi.


Şawul Rebbe ýüz tutdy, ýöne Reb oňa ne düýşde, ne Urymyň üsti bilen, ne-de pygamberleriň üsti bilen jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ