Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 4:29 - Mukaddes Kitap

29 Elýaşa Geýhaza şeýle diýdi: «Biliňi guşa-da, eliňe meniň hasamy alyp, ýola düş. Eger sen ýolda kimdir birine duşaýsaň, oňa salam berme, biri saňa salam berse, onuň salamyny alma. Sen meniň hasamy çaganyň ýüzüne goý».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Эляша Гейхаза шейле дийди: «Билиңи гуша-да, элиңе мениң хасамы алып, ёла дүш. Эгер сен ёлда кимдир бирине душайсаң, оңа салам берме, бири саңа салам берсе, онуң саламыны алма. Сен мениң хасамы чаганың йүзүне гой».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 4:29
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýasa Rebbiň güýji geldi. Ol donuny biline guşap, tä Ýizregeliň derwezesine çenli uzak ýola Ahabyň öňünden ylgap gitdi.


Ol Ylýasdan gaçyp galan dony aldy-da, suwa urup: «Hany, Ylýasyň Hudaýy Reb nirede?» diýip gygyrdy. Elýaşa dony suwa uran badyna, suw bölünip, iki tarapa çekildi we Elýaşa kenaryň beýleki tarapyna geçdi.


Ylýas donuny alyp düýrledi-de, onuň bilen suwa urdy. Suw bölünip, iki tarapa çekildi. Olar derýanyň içindäki gury ýerden ýöräp kenara çykdylar.


Elýaşa hyzmatkäri Geýhaza ýüzlenip: «Şunemli aýaly çagyr» diýdi. Hyzmatkäri ony çagyrdy. Bu aýal gelip, hyzmatkäriň öňünde durdy.


Elýaşa pygamberler toparyndan birini çagyryp, şeýle diýdi: «Biliňi guşap, eliňe şu zeýtun ýagly golçany alyp, Ramotgilgada git.


Sen eliňdäki hasaňy uzat-da, deňziň suwuna ur. Deňziň suwy ikä bölüner we ysraýyllar şol gury ýer bilen ýöräp, deňizden geçerler.


Alamatlary görkezer ýaly, sen bu hasany hem öz ýanyň bilen al» diýdi.


Bilini berk guşap, gollaryna güýjüni toplaýandyr.


Ýanyňyza gapjyk-da, torba-da, çaryk-da almaň. Ýolda hiç kim bilen salamlaşmaň.


Pawlusa degen elýaglykdyr guşaklary alyp, hassalaryň üstüne ýapanlarynda, olar dertlerine şypa tapýardylar, olardan arwah-jynlar çykýardy.


Ine, siziň görýän hem tanaýan bu adamyňyz Isanyň adyna bolan imany arkaly gözüňiziň alnynda bütinleý sagaldy. Siziň hemmäňiziň görşüňiz ýaly, Isa bolan bu iman ony sagaltdy.


Şeýlelikde, hakykaty biliňize guşak edip dakynyň, dogrulygy egniňize sowut edip geýiň.


Şonuň üçin hem ähli pikirleriňizi bir ýere jemläp, hüşgär boluň. Isa Mesihiň gelmegi bilen özüňize beriljek merhemete uly umyt baglaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ