Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 4:27 - Mukaddes Kitap

27 Aýal dagdaky Hudaýyň adamynyň ýanyna baryp, onuň aýagyna ýapyşdy. Geýhazy ony aýyrjak bolup, oňa golaý geldi, ýöne Hudaýyň adamy oňa: «Aýala degme, çünki onuň kalby ajy hasratdan doludyr. Reb muny menden ýaşyrdy, maňa bu barada hiç zat aýtmady» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Аял дагдакы Худайың адамының янына барып, онуң аягына япышды. Гейхазы оны айырҗак болуп, оңа голай гелди, йөне Худайың адамы оңа: «Аяла дегме, чүнки онуң калбы аҗы хасратдан долудыр. Реб муны менден яшырды, маңа бу барада хич зат айтмады» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 4:27
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb şeýle diýdi: «Etjek bolýan işimi Ybraýymdan gizläýinmi?!


Natan Dawuda: «Islän zadyňy ediber, sebäbi Reb seniň bilendir» diýdi.


Şeýdip, aýal Karmel dagyna, Hudaýyň adamynyň ýanyna geldi. Hudaýyň adamy aýaly bir menzilden görüp, hyzmatkäri Geýhaza: «Seret, şunemli aýal gelýär!


Sen tiz ylgap, aýalyň öňünden çyk-da, ondan: „Sag-salamatmysyň, adamyň sag-salamatmy? Çagaň sag-salamatmy?“ diýip sora» diýdi. Aýal hem: «Sag-salamatlykdyr» diýip jogap berdi.


Onsoň onuň nökerleriniň biri şeýle diýdi: «Hiç kim, jenap patyşam. Ysraýylda Elýaşa pygamber bar. Ol hatda seniň ýatýan otagyňda sözleýän her bir sözüňi-de Ysraýyl patyşasyna ýetirýär».


«Durmuşymy ýigrenýärin, erkinlik bilen arz ederin, ajy hasratdan geplärin.


Ýürek öz derdini özi bilýändir, şatlansa-da keseki goşulýan däldir.


Adamyň derdini ruhy çekip bilýär, ýöne synyk ruha kim çydam eder.


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


Emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi. Şonda şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Ony ugrat, ýogsam yzymyzdan galman gygyryp gelýär» diýip haýyş etdiler.


Seslerini çykarmaz ýaly, köp adamlar olara käýediler, emma olar öňküden hem gaty ses bilen: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyrdylar.


Birdenkä olara Isa duşup: «Salam!» diýdi. Olar hem Onuň ýanyna gelip, aýagyna ýykylyp, Oňa sežde etdiler.


Başlaryna elini goýsun diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler, emma şägirtler muny görüp, olara käýediler.


Emma Isa olara: «Naçary öz gününe goýuň! Näme üçin ony ynjadýarsyňyz? Ol Meniň üçin ajaýyp iş etdi.


Aýal Isanyň öňünde dyzyna çöküp aglap, gözýaşlary bilen Onuň aýaklaryny ýuwmaga başlady. Soňra aýaklaryny saçy bilen süpürip öpdi we hoşboý ysly ýag çaldy.


Mundan beýläk Men size gul diýmerin, sebäbi gul hojaýynynyň näme edýänini bilýän däldir. Men size dost diýýärin, sebäbi Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym.


Edil şol wagt Isanyň şägirtleri geldiler we Onuň bir aýal bilen gepleşip duranyna haýran galdylar. Emma hiç kim: «Edýäniň näme?» ýa-da «Bu aýal bilen näme üçin gepleşýärsiň?» diýip soramady.


Hannanyň kalby hasratdan doludy. Ol gözünden boýur-boýur ýaş döküp durşuna, Rebden dileg etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ