Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 4:26 - Mukaddes Kitap

26 Sen tiz ylgap, aýalyň öňünden çyk-da, ondan: „Sag-salamatmysyň, adamyň sag-salamatmy? Çagaň sag-salamatmy?“ diýip sora» diýdi. Aýal hem: «Sag-salamatlykdyr» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Сен тиз ылгап, аялың өңүнден чык-да, ондан: „Саг-саламатмысың, адамың саг-саламатмы? Чагаң саг-саламатмы?“ дийип сора» дийди. Аял хем: «Саг-саламатлыкдыр» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 4:26
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup ýene-de olardan: «Ol sag-salamatmydyr?» diýip sorady. Olar: «Hawa, ol sag-gurgundyr. Hanha, onuň gyzy Rahel dowaryny sürüp gelýär» diýdiler.


Ýakup Ýusuba: «Git-de, doganlaryňdan habar al. Janlary sagmyka, dowarlar tükelmikä, bilip gel» diýip, ony Hebron deresiniň içi bilen ugratdy. Ýusup Şekeme geldi.


Ýusup olaryň hal-ahwallaryny soraşdyrdy. Soňra ol: «Garry ataňyz sag-gurgunmy? Ol aýatda dirimi?» diýdi.


Patyşa: «Ýaş ýigit – Abşalom sag-salamatmy?» diýdi. Ahymagas: «Ýowap guluňy iberende, bir galmagal-a bardy, ýöne onuň nämedigini bilmedim» diýdi.


Adamsy ondan: «Bu gün aýyň başy däl ýa-da Sabat güni däl. Sen näme üçin onuň ýanyna şu gün gitjek?» diýip sorady. Aýaly hem: «Hemme zat gowy, alada etme» diýip jogap berdi.


Şeýdip, aýal Karmel dagyna, Hudaýyň adamynyň ýanyna geldi. Hudaýyň adamy aýaly bir menzilden görüp, hyzmatkäri Geýhaza: «Seret, şunemli aýal gelýär!


Aýal dagdaky Hudaýyň adamynyň ýanyna baryp, onuň aýagyna ýapyşdy. Geýhazy ony aýyrjak bolup, oňa golaý geldi, ýöne Hudaýyň adamy oňa: «Aýala degme, çünki onuň kalby ajy hasratdan doludyr. Reb muny menden ýaşyrdy, maňa bu barada hiç zat aýtmady» diýdi.


Geýhazy şeýle jogap berdi: «Eýgilikdir. Meniň jenabym: „Efraýym daglyk ýurdundan pygamberler toparyndan iki sanysy edil şu wagt meniň ýanyma geldi. Şolara gaýrat edip bir ýarym batman töweregi kümüş bilen iki laý eşik beräý“ diýip, meni seniň ýanyňa iberdi».


Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn; Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: „Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar.


Birnäçe günden soň Pawlus Barnaba: «Indi Rebbiň Hoş Habaryny wagyz eden şäherlerimize dolanyp baraly, ol ýerdäki doganlarymyzy görüp, hal-ýagdaýlaryny soraly» diýdi.


Bu on bölek peýniri bolsa olaryň müňbaşysyna ber. Agalaryňyň hal-ahwalyndan habar al-da, olardan bir nyşan getir».


Şondan soň Şamuwel hiç zady gizlemän, hemmesini bolşy ýaly Eliýä gürrüň berdi. Eliý: «Ol Rebdir, goý, Ol Öz halanyny etsin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ