Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 4:25 - Mukaddes Kitap

25 Şeýdip, aýal Karmel dagyna, Hudaýyň adamynyň ýanyna geldi. Hudaýyň adamy aýaly bir menzilden görüp, hyzmatkäri Geýhaza: «Seret, şunemli aýal gelýär!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Шейдип, аял Кармел дагына, Худайың адамының янына гелди. Худайың адамы аялы бир мензилден гөрүп, хызматкәри Гейхаза: «Серет, шунемли аял гелйәр!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 4:25
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem sen häzir bütin ysraýyllary, Izebeliň goldaýan dört ýüz elli Bagal butunyň pygamberlerini we dört ýüz Aşera butunyň pygamberlerini Karmel dagyna, meniň ýanyma ýygna».


Şeýdip, Ahap iýip-içmäge gitdi. Ylýas pygamber bolsa Karmel dagynyň çür depesine çykyp, iki bükülip, kellesini dyzlarynyň arasynda goýdy.


Onsoň patyşa ellibaşyny ýanynyň elli adamy bilen Ylýasyň ýanyna ýollady. Ellibaşy bir baýryň üstünde oturan Ylýasyň ýanyna gelip, oňa: «Eý, Hudaýyň adamy, patyşa saňa aşak düşmegi buýurýar» diýdi.


Elýaşa ol ýerden Karmel dagyna gidip, dagdan Samariýa galasyna dolanyp geldi.


Aýal eşegi gaňňalap, hyzmatkärine: «Ýör, gaty sür, özüm aýdýançam eşegi haýallatma» diýdi.


Sen tiz ylgap, aýalyň öňünden çyk-da, ondan: „Sag-salamatmysyň, adamyň sag-salamatmy? Çagaň sag-salamatmy?“ diýip sora» diýdi. Aýal hem: «Sag-salamatlykdyr» diýip jogap berdi.


Aýal dagdaky Hudaýyň adamynyň ýanyna baryp, onuň aýagyna ýapyşdy. Geýhazy ony aýyrjak bolup, oňa golaý geldi, ýöne Hudaýyň adamy oňa: «Aýala degme, çünki onuň kalby ajy hasratdan doludyr. Reb muny menden ýaşyrdy, maňa bu barada hiç zat aýtmady» diýdi.


Hudaýyň adamy Elýaşanyň hyzmatkäri Geýhazy: «Meniň jenabym bu siriýaly Nagamana rehim edip, onuň özüne getiren peşgeşini kabul etmedi. Rebden ant içýärin, men onuň yzyndan ylgap gidip, ondan bir zatlar alaýyn» diýen pikire geldi.


Şol wagt patyşa Hudaýyň adamynyň hyzmatkäri Geýhazy bilen gepleşip otyrdy. Patyşa Geýhaza ýüzlenip: «Hany, onda maňa Elýaşanyň görkezen beýik gudratlary hakda aýdyp ber» diýdi.


Gül-pürçük bolar ol, şatlykdan, guwançdan ýaňa nagma aýdar. Liwanyň gözelligi, Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa. Olar Rebbiň şöhratyny, Hudaýymyzyň şan-şöhratyny görerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ