Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 4:2 - Mukaddes Kitap

2 Elýaşa ondan: «Saňa nähili kömek edip bilerin? Maňa aýt, öýüňizde näme bar?» diýip sorady. Ol aýal: «Seniň gyrnagyňyň öýünde bir golça ýagyndan başga zady ýok» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Эляша ондан: «Саңа нәхили көмек эдип билерин? Маңа айт, өйүңизде нәме бар?» дийип сорады. Ол аял: «Сениң гырнагыңың өйүнде бир голча ягындан башга зады ёк» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 4:2
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol aýal, Ylýasa şeýle jogap berdi: «Hudaýyň Rebden ant içýärin, mende çörek ýok. Mende diňe haltaň düýbündäki bir goşawuç un bilen golçada biraz ýag bar. Ine, men häzir öýe gidip, şol barja un bilen özüm hem oglum üçin külçe bişirmek üçin çöpleme çöpläp ýörün. Biz ony iýeris, onsoň öleris».


Iordan derýasyndan geçenlerinden soň, Ylýas pygamber Elýaşa: «Hudaýyň meni ýanyňdan alyp gitmezinden öň, menden islän zadyňy sora» diýdi. Elýaşa: «Seniň yzyňy ýörederim ýaly, maňa öz ruhuňdan iki esse artyk ruh ber» diýdi.


Elýaşa şeýle diýdi: «Bar, daşary çyk-da, ähli goňşularyňdan boş gap dile, näçe köp ýygnap bilseň, şonça-da gowy.


Reb Musadan: «Eliňdäki näme?» diýip sorady. Ol hem: «Hasa» diýdi.


Isa olardan: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Olar: «Ýedi çörek bilen birnäçe ownuk balygymyz bar» diýdiler.


Petrus oňa: «Meniň kümşüm, altynym ýok, ýöne özümde barymy saňa berýärin. Nasyraly Isa Mesihiň adyndan buýurýaryn: Tur-da, ýöre!» diýdi.


ynjatsalar-da, elmydama şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zadymyz bolmasa-da, ähli zada eýediris.


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ