Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 4:13 - Mukaddes Kitap

13 Elýaşa hyzmatkärine ýüzlenip: «Aýaldan: „Sen biziň üçin şunça zähmet çekipsiň. Saňa nähili kömek edip bileris? Seniň adyňdan patyşa ýa-da serkerde bilen gepleşeýinmi?“ diýip sora» diýdi. Aýal hem: «Men öz halkymyň arasynda ýaşaýaryn» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Эляша хызматкәрине йүзленип: «Аялдан: „Сен бизиң үчин шунча зәхмет чекипсиң. Саңа нәхили көмек эдип билерис? Сениң адыңдан патыша я-да серкерде билен геплешейинми?“ дийип сора» дийди. Аял хем: «Мен өз халкымың арасында яшаярын» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 4:13
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne ýigitleriň iýen iýmitleri muňa degişli däldir. Şeýle hem meniň bilen giden Aner, Eşkol we Mamre hem öz paýlaryny alsynlar».


Emasa bolsa şu sözlerimi aýdyň: «Sen meniň öz süýegimden we tenimden dälmi näme? Eger şu pursatdan başlap, Ýowabyň ýerine meniň goşunbaşym bolmasaň, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan beterini görkezsin».


Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy.


Elýaşa hyzmatkäri Geýhaza ýüzlenip: «Şunemli aýaly çagyr» diýdi. Hyzmatkäri ony çagyrdy. Bu aýal gelip, hyzmatkäriň öňünde durdy.


Elýaşa hyzmatkärinden: «Men onuň üçin başga näme edip bilerin?» diýip sorady. Geýhazy oňa: «Dogrudanam, onuň ogly ýok, äri hem garry» diýip jogap berdi.


Elýaşa ogluny direlden aýala şeýle diýipdi: «Tur-da, öý-içeriň bilen gidip, ýaşap biljek ýeriňde mesgen tut, çünki Reb bu ýurduň başyna ýedi ýyllyk açlyk getirjek».


Ýaş pygamber Ramotgilgada gelende, bu ýerde goşun serkerdeleri geňeş edip oturan ekenler. Ýaňky ýaş pygamber olaryň birine: «Eý, serkerde, men saňa bir habar getirdim» diýdi. Ýehu: «Haýsymyz üçin?» diýip sorady. Ýaş pygamber hem: «Seniň üçin, serkerde» diýip jogap berdi.


Çünki peýkamlaryň parran geçdi içimden, Seniň eliň agram salýar meniň üstümden.


Ony Rebbimiziň haky üçin, imanlylara gelişýän tärde myhman alyň, ähli mätäçliklerinde kömek beriň. Çünki ol köplere, şol sanda maňa-da ençeme gezek kömek etdi.


Siziň üçin arman-ýadaman zähmet çeken Merýeme salam aýdyň.


Puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi Hudaý: «Men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin» diýdi.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ