Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 4:1 - Mukaddes Kitap

1 Pygamberlerden bolan bir adamyň aýaly Elýaşa: «Guluň ärim öldi. Sen bilýärsiň, guluň Rebbi sylap, ondan gorkýardy. Algydarymyz iki çagamy özüne gul edinmek üçin alyp gitmäge gelipdir» diýip aglady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Пыгамберлерден болан бир адамың аялы Эляша: «Гулуң әрим өлди. Сен билйәрсиң, гулуң Ребби сылап, ондан горкярды. Алгыдарымыз ики чагамы өзүне гул эдинмек үчин алып гитмәге гелипдир» дийип аглады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 4:1
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.


Ahap köşgi dolandyrýan Abadýany çagyrdy. (Abadýa bütin kalby bilen Rebbe ybadat edýärdi. Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürýärkä, Abadýa ýüz pygamberi äkidip, elli-elliden iki gowakda gizläp, çörek, suw bilen üpjün edipdi.)


Pygamberler toparyndan bolan başga bir pygamber Rebbiň tabşyrygy boýunça öz ýoldaşyna: «Meni ur» diýdi. Ol pygamber ony urmakdan boýun gaçyrdy.


Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşany bir menzil ýerden görüp: «Ylýasyň ruhy Elýaşada» diýişdiler. Onsoň olar Elýaşanyň öňünden çykyp, oňa tagzym etdiler.


Beýteldäki pygamberler topary Elýaşanyň ýanyna gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip sorady. Elýaşa: «Hawa, men bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.


Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşa golaý gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip soradylar. Elýaşa: «Hawa, bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.


Elli adama barabar bolan pygamberler topary-da bular bilen bile gidip, uzagrakda olaryň garşysynda durdular. Ylýas bilen Elýaşa hem Iordanyň kenar ýakasynda durdular.


Elýaşa Gilgala dolanyp baranda, ýurtda açlyk höküm sürýärdi. Pygamberler topary onuň öňünde otyrdy. Elýaşa hyzmatkärine ýüzlenip: «Uly gazany atar-da, pygamberlere çorba bişirip ber» diýdi.


Emma Hudaýyň adamy Ysraýyl patyşasyna şol ýerden geçmän, ägä bolmagyny duýduryp habar ýollady, çünki siriýalylar şol ýerde bukuda otyrdylar.


Eger ýerli halklar Sabat güni satmaga harytlar ýa-da galla getirseler-de, biz olardan Sabat we mukaddes günlerde hiç zat satyn almarys. Her ýedinji ýyl biz ýere dynç bereris hem-de algylarymyzyň baryny geçeris.


Onsoň men doganym Hanany bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip belledim. Çünki ol ynamdar adam bolup, köplere garanda, Hudaýdan has gaty gorkýardy.


Ähli meýdan haýwanlaryny hem suwa ýakýar, gulanlary suwdan gandyrýar.


Ol ýerde guşlar höwürtgeleýär, onuň çür başynda leglek höwürtge gurýar.


Baýlar garyplaryň üstünden höküm sürýändir, bergili-de karz bereniň guludyr.


Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr;


Günäkär ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa-da, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar.


Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.


„Özlerini gul edip satyp, size alty ýyl gulluk eden ýewreý doganyňyzy ýedinji ýylda azatlyga goýberiň“. Ýöne siziň ata-babalaryňyz Meni diňlemediler, gulak asmadylar.


Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.


Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz.


Ol bergisini berip bilmänsoň, hojaýyny oňa özüni, aýalyny, çagalaryny we ähli mallaryny satyp, bergisini bermegi buýurýar.


Emma ol etmeýär, gaýtam, bergisini berýänçä, ony zyndana saldyrýar.


Eger her biriňiz öz doganyny ýürekden bagyşlamasa, gökdäki Atam-da size şeýle eder».


Eý, doganlar, Ybraýymyň nesilleri! Eý, Rebbe sežde edýän keseki milletler! Halasgärimiz baradaky bu habar bize berildi.


Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.


Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy? Adyňa şöhrat aýtmajak barmy? Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň! Ähli milletler huzuryňa gelerler, olar Saňa sežde ederler. Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».


Onsoň tagtdan çykan bir ses şeýle diýdi: «Eý, Hudaýymyzyň ähli gullary, Ondan gorkýanlaryň uly-kiçi – ählisi, Oňa alkyş aýdyň!»


Nagomynyň adamsy Elimelek aradan çykandan soň, ol iki ogly bilen dul galdy.


Ezilýänler, bergi-borja batanlar hem närazylaryň ählisi onuň ýanyna ýygnanyşdylar. Şeýdip, Dawut ýanyna ýygnan dört ýüze golaý adama baştutan boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ