Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 3:9 - Mukaddes Kitap

9 Şeýdip, Ysraýyl, Ýahuda we Edom patyşalary bile ýola düşdüler. Olar ýedi günlük aýlawly ýoly geçenlerinden soň, pyýada goşun we olaryň ýanyndaky mallar üçin hiç hili suwlary galmady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Шейдип, Ысрайыл, Яхуда ве Эдом патышалары биле ёла дүшдүлер. Олар еди гүнлүк айлавлы ёлы геченлеринден соң, пыяда гошун ве оларың янындакы маллар үчин хич хили сувлары галмады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 3:9
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýowaşa we Amona patyşa şeýle diýýär diý: „Mikaýany tussaghana salyň-da, men söweşden sag-salamat dolanyp gelýänçäm, oňa açlykdan ölmezi ýaly ýeterlik çörek bilen suw beriň“».


Edomda hiç patyşa ýokdy, diňe ýahuda patyşasy tarapyndan bellenen wekil bardy.


Opyrdan altyn getirer ýaly Ýehoşapadyň deňiz gämileri bardy, ýöne olar Opyra ýetip bilmediler, çünki Esýongebere gelenlerinde, olaryň gämileri çagşady.


Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda Ahabyň ogly Ýoram Ysraýyla patyşa boldy. Ol Samariýada on iki ýyl patyşalyk etdi.


Ysraýyl patyşasy Ýoram: «Wah, Reb bizi, üç patyşany Mowabyň eline bermek üçin bir ýere ýygnan eken» diýdi.


Ýoram Ýahuda patyşasy Ýehoşapada habar ýollap, ondan: «Mowap patyşasy maňa garşy uruş turuzdy. Sen meniň bilen Mowabyň garşysyna urşa gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat Ysraýyl patyşasyna: «Menem, esgerlerimem, atly goşunymam seniň hyzmatyňdadyrys» diýip jogap berdi.


Onsoň Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ýoramdan: «Haýsy tarapdan hüjüm edeli?» diýip sorady. Ysraýyl patyşasy Ýoram: «Edom çölüniň ýoly bilen hüjüm ederis» diýip jogap berdi.


Ýehoramyň döwründe edomlylar gozgalaň turzup, Ýahudanyň gol astyndan çykdylar we özlerine bir patyşa goýdular.


Musa sözüni dowam edip, faraona: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.


Şundan soň Musa ysraýyllara baş bolup, olary Gyzyl deňizden alyp, Şur çölüne gaýtdy. Çölde olar üç gün ýörediler, emma suw tapmadylar.


Ähli ysraýyl halky Sin çölünden göçüp gaýtdy. Rebbiň buýrugy boýunça olar ondan-oňa göçüp-gonup, ahyry Repidimde düşlediler, emma ol ýerde adamlar üçin içmäge suw ýokdy.


Olaryň düşlän ýerinde suw ýokdy, onsoň jemagat Musa bilen Harunyň garşysyna toplandy.


Näme üçin siz Rebbiň halkyny bu çöl-beýewana alyp geldiňiz? Bizi we mal-garalarymyzy bu ýere gyrmak üçin getirdiňizmi?


Olar Hudaýyň we Musanyň garşysyna: «Bizi Müsürden çölde gyrylmagymyz üçin alyp gaýtdyňyzmy? Bu ýerde ne çörek, ne-de suw bar. Bu tagamsyz iýmitden-de halys irdik» diýdiler.


Aluşdan çykyp gelip, Repidimde düşlediler. Ol ýerde halk üçin içmäge suw ýokdy.


Barak zebulunlar bilen naftalylary Kedeş galasyna üýşürdi, on müň adam onuň yzyna eýerdi. Debora olara ýoldaş boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ